91 ýaşynda fransuz kinosynyň ýyldyzy Brižit Bardo aradan çykdy

  • 29.12.2025 16:15
  • 9.3k+

Meşhur fransiýaly aktrisa, aýdymçy, fotomodel we ýazyjy Brižit Bardo 91 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň esaslandyran haýwanlary goramak gaznasyna salgylanyp, AFP agentligi habar berdi.

Ýaşlykda Brižit Bardo balet bilen meşgullandy. 1952-nji ýylda kinoda düşüp başlady, ýöne 1956-njy ýylda «Ýaratdy Hudaý zenany» filmi çykandan soň uly meşhurlyk gazandy. Şol wagta çenli onuň filmografiýasynda eýýäm 15 töweregi film bardy. Karýerasynyň dowamynda aktrisa tas 50 filme gatnaşdy. Iň belli filmleriň arasynda «Ýazgarma», «Babetta urşa barýar», «Hakykat», «Wiwa, Mariýa!» we «Parižli» bar. 1970-nji ýyllaryň başynda Brižit Bardo aktýorlyk karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi.
Kinodan başga-da, ol aýdym-saz bilen işjeň meşgullanyp, onlarça aýdym ýazdy. Olaryň käbiri Serž Gensbur we Saşa Distel bilen bilelikde döredildi. 60 ýaşdan soň bolsa Brižit Bardo birnäçe kitap hem ýazdy. 
1970-nji ýyllaryň ikinji ýarymyndan Brižit Bardo özüni haýwanlaryň hukuklarynyň goragyna bagyş edip, haýyr-sahawat «Brižit Bardo gaznasyny» esaslandyrdy.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron aktrisanyň aradan çykmagyna gynanç bildirip, ony XX asyryň legendasy diýip atlandyrdy.

şu gün 10:08
1.9k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.5k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.6k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......