ABŞ-da güýçli gar tupany sebäpli 16 müňden gowrak gatnaw ýatyryldy we gijikdirildi

  • 29.12.2025 10:44
  • 10k+

ABŞ-a inen güýçli boragan howa gatnawlarynyň işinde uly bökdençligiň ýüze çykmagyna getirdi. Tutuş ýurt boýunça, şeýle-de Kanadanyň (Toronto, Monreal, Wankuwer) howa menzillerinde gatnawlar ýatyryldy we gijikdirildi. Ýagdaý Nýu-Ýorkda we demirgazyk-gündogar ştatlarda has agyr boldy.

FlightAware portalynyň maglumatlaryna görä, 26-njy we 27-nji dekabrda ýaramaz howa sebäpli 16 müňden gowrak içerki we halkara awiagatnaw ýatyryldy we gijikdirildi.
Ýatyrylan we gijikdirilen gatnawlaryň aglabasy ABŞ-nyň JetBlue, Delta Airlines we Republic ýaly uly awiakompaniýalarynyň paýyna düşdi. 27-nji dekabrda JetBlue 162 gatnawy (16%) ýatyrdy we 122 gatnawy (12%) gijikdirdi. Delta Airlines 126 gatnawy (4%) ýatyrdy we 280 sanysyny (8%) gijikdirdi. Republic 78 gatnawy (7%) ýatyrdy we 38-isini (3%) gijikdirdi.
The New York Times Nýu-Ýorkuň käbir ýerlerinde gar örtüginiň 23 sm, şäheriň merkezinde bolsa 6 sm ýetendigini habar berýär.
Gatnawlaryň kabul edilmeginde we iberilmeginde has uly bökdençlikler Nýu-Ýorkuň üç howa menzilinde – La-Guardiýada, Jon Kennedi adyndaky halkara howa menzilinde we Nýuarkda hasaba alyndy.
Bökdençlikler iň işjeň syýahat döwri bolan Roždestwo möwsümine gabat geldi. Bloomberg borany La-Ninýa hadysasynyň gaýdyp gelmegi bilen baglanyşdyrýar.


23.03.2026 07:22
6.1k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär...

23.03.2026 05:25
4.3k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...

16.03.2026 19:31
4.9k+

Gawaidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy

Gawai adasyndaky Kilauea wulkany soňky atylmasy wagtynda 540 metr beýiklige lawa zyňdy. «IFLscience» neşiriniň ýazmagyna görä, bu beýiklik 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri dowam edýän häzirki atylmalar döwründe iň ýokary dereje boldy...

12.03.2026 23:40
13k+

ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy

Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy. Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy...