Casio Honda-nyň «Formula-1-däki» ilkinji ýeňşiniň şanyna aýratyn sagat çykardy

  • 18.12.2025 22:00
  • 2.6k+

Casio Honda markasynyň «Formula-1-däki» ilkinji ýeňşine bagyşlanan ýörite sagadyny hödürledi.

Ýapon awtoöndürijisi bu çempionatda ilkinji gezek 1964-nji ýylda çykyş etdi. Ol öz ulagynyň şassisini we hereketlendirijisini özbaşdak işläp düzdi. 1965-nji ýylyň oktýabrynda bolsa Honda ilkinji üstünligini gazandy – oňa amerikaly ýaryşa gatnaşyjy Riçi Ginter ýeňiş getirdi.
Täze sagatlaryň dizaýny, esasan,  gyzyl öwüşginler bilen ak reňkde ýerine ýetirilen 1965-nji ýyldaky Honda bolidine esaslanýar. Şeýle reňk utgaşmasy sagat bezeginde-de ulanyldy. Sagat halkasynyň ýokarky böleginde ýubileýi görkezýän altynsow «60» sany ýerleşdirildi.
Goşmaça siferblatlaryň biri Honda RA273 bolidiniň tahometriniň stilini gaýtalaýar. Sagadyň yzky gapagyna lazer bilen tematiki haşam çekildi. Sagadyň kemerine-de aýratyn üns berildi: onuň daşky tarapynda bolidiň käbir aýratynlyklary ýazyldy, içki bölegi bolsa tehniki çyzgylara meňzeş nagyş bilen bezeldi.
Kemeriň altynsow ildirgiji «11» sany – Riçi Ginteriň başdaky belgisi we Veni, Vidi, Vici («Geldiň, gördüň, ýeňdiň») latyn jümlesi bilen bezeldi.
Modeliň görkezilen bölek söwda bahasy 66 000 ýena bolup, bu salgydy göz öňünde tutmak bilen, takmynan, 425 dollara deňdir. 


düýn 07:51
3.8k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....