Jeep Wrangler ýolsuz awtoulagy ak reňkli radiator gözenegi bolan ýörite nusgada çykaryldy

  • 17.12.2025 16:43
  • 5.1k+

Jeep kompaniýasy Wrangler modeliniň "Whitecap" diýlip atlandyrylan täze ýörite wersiýasyny hödürledi. Bu seriýa özboluşly stili we könäni ýatladýan dizaýny, esasanam, kuzowynyň esasy elementlerinde ak reňkli bezegleriň ulanylmagy bilen tapawutlanýar. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, "Whitecap" brendiň ýakyn ýyl üçin meýilleşdirýän 12 sany ýörite wersiýanyň biridir.

Täze model Sahara we Rubicon toplumy esasynda döredildi. Dizaýnerler nusgawy Jeep CJ-5 modeliniň keşbinden ylham aldylar. Modeliň esasy wizual aýratynlygy — ak reňkdäki (Bright White) gaty üçegidir. Şol bir reňk gammasynda radiator gözenegi we "1941" nyşany bilen bezelen kuzowdaky bezeg zolagy hem ýerine ýetirildi. Rubicon toplumynda kapotyň goşmaça ak bezegi, Sky One-Touch elektrikli üçegini sargyt edeniňde bolsa ak reňkli elementler bar.
Tehniki taýdan Wrangler Whitecap standart wersiýalar bilen doly meňzeşdir. Awtoulag 270 at güýjüne eýe bolan 2,0 litrlik benzinli turbomotor ýa-da 285 at güýjüni öndürýän 3,6 litrlik V6 Pentastar atmosferaly hereketlendirijisi bilen hödürlenilýär.
"Whitecap" paketiniň bahasy awtoulagyň toplumyna baglylykda üýtgeýär:

  • Rubicon X üçin goşundy bahasy: 495 dollar.
  • Standart Rubicon üçin: 3185 dollar (bura kuzow reňkindäki tigir arkalary we gaty üçek hem girýär).
  • Sahara toplumy üçin: 2690 dollar.
şu gün 09:17
792

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

düýn 10:58
3.3k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.3k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......