Chevrolet ABŞ-nyň 250 ýyllygyna “watançylyk” Corvette Stars&Steel superkaryny bagyşlady

  • 17.12.2025 16:25
  • 2.5k+

Amerikanyň Chevrolet awtoulag kompaniýasy ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli çäkli mukdardaky (limited edition) Corvette Stars&Steel seriýasyny tanyşdyrdy. Ýubileý neşiri bu modeliň dürli görnüşlerine, şol sanda 1250 at güýjüne eýe bolan iň güýçli ZR1X super-gibridine esaslanýar.

Corvette Stars&Steel modelinden jemi 250 sanysy öndüriler. Awtoulagyň kuzowy gara ýa-da ak reňkde bolup, ol ABŞ-nyň baýdagyny ýatladýan ýyldyzlar we zolaklar bilen bezelendir. Salonyň içinde ulagyň seriýadaky tertip sany ýazylan ýörite tagtajyk (tabliçka) ýerleşdirilýär. Şeýle hem içki bezegde, howpsuzlyk kemerlerinde we hereketlendirijiniň gapagynda gyzyl reňkli detallar aýdyň görünýär.
Müşderiler teker diskleriniň üç görnüşini, şol sanda ýeňil we durnukly uglerod süýümli (karbon) wariantyny saýlap bilerler.
Seriýada ýeke-täk boljak 1250 at güýçli ZR1X wersiýasyna aýratyn üns berilýär. Bu super-gibrid 0-dan 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,8 sekuntda ýetýär. Ol ýanwar aýynda geçiriljek meşhur Barrett-Jackson auksionynda satuwa çykarylar.
Corvette-iň ýubileý seriýasynyň önümçiligi 2026-njy ýylda başlanar. Bu ýörite kolleksiýa diňe bir Corvette däl, eýsem Silverado LD, Silverado EV, Silverado HD we Colorado ýaly pikap modellerini hem öz içine alar. Deslapky maglumatlara görä, beýleki modelleriň sany çäklendirilmez: kompaniýa olary islege görä öndürmegi meýilleşdirýär.


13.06.2026 12:31
2.4k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......