«Ýuwentusyň» paýnamalary kluby kriptowalýuta kompaniýasyna satmakdan ýüz öwrülenden soň ýokarlandy

  • 17.12.2025 09:19
  • 3.8k+

Italiýanyň «Ýuwentus» futbol klubuna eýeçilik edýän Juventus Football Club SpA kompaniýasynyň paýnamalary 15-nji dekabrda iň ýokary derejesinde 17,05% ýokarlanyp, bir paý üçin 2,57 ýewro ýetdi. Muny Euronext Milan biržasynyň maglumatlary delillendirýär.

Paýnamalaryň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy Exor holdingi Tether kriptowalýuta kompaniýasynyň kluby satyn almak baradaky teklibini ret edenden soň bolup geçdi diýip, Bloomberg ýazýar. 12-nji dekabrda, anna güni Tether «Ýuwentusa» 1,1 mlrd ýewro bahany teklip edipdi, ýöne ylalaşyk başa barmady.
Exor Turin klubunyň paýnamalarynyň 65,4%-ine eýeçilik edýän Anýelli maşgalasyna degişli. Kompaniýa «Ýuwentusa» 1923-nji ýyldan bäri gözegçilik edýär. Futbol aktiwinden başga-da, Exor-yň Ferrari, Fiat we Peugeot ýaly awtomobil kompaniýalarynda paýy bar. Şeýle-de, ol The Economist Group arkaly media pudagynda işleýär we Christian Louboutin brendi bilen kaşaň predmetleriň bazarynda çykyş edýär. 
USDT steýblkoinini çykaryjy hökmünde belli bolan Tether «Ýuwentusyň» ikinji uly paýdarydyr. Fewral aýyndan bäri kompaniýa paýnamalaryň 11,5%-ini ýygnady we kluba doly gözegçiligi almaga isleg bildirdi. Tether Exor-a paýlary 2,66 ýewrodan nagt satyn almagy teklip etdi. Baha 12-nji dekabrda söwdanyň ýapylyşyndaky bahadan, takmynan, 21% ýokary boldy. Şeýle-de, kompaniýa klubuň ösüşine 1 mlrd ýewro maýa goýmak we galan paýdarlaryň paýnamalaryny teklip edilenden pes bolmadyk bahadan satyn almak meýilnamalary barada aýtdy.
Exor şertnamadan resmi taýdan ýüz öwrüp, öz paýnamalaryny üçünji taraplara satmakçydygyny aýtdy.

«Ýuwentus 102 ýylyň dowamynda meniň maşgalamyň bir bölegi boldy» - diýip, Exor-yň baş direktory Jon Elkann wideo ýüzlenmesinde belledi.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......