Lamborghini reňklemek üçin iki aý gerek bolan Temerario ýörite wersiýasyny çykardy

  • 10.12.2025 12:07
  • 5.9k+

Lamborghini awtoulag öndürijisi ABŞ-nyň Maýami şäherinde ýerleşýän Art Bazel sungat ýarmarkasynda Temerario superkarynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Awtoulagyň tapawutly aýratynlygy, dizaýnerleriň pikiriçe, superkary sungat eserine öwürýän ýörite nagyşly özboluşly kristal boýagdyr.

Ad Personam topary kuzowyň daşky görnüşini şahsylaşdyrmaklyga takmynan sekiz iş hepdesini, ýagny 320 sagat sarp etdiler.
Nagyş Verde Shock (ýaşyl), Grigio Maat (çal) we Nero Nemesis (gara) reňk öwüşginleri utgaşdyrylyp ýerine ýetirildi we göze ilende tokaý kamuflýažyny ýatladýar.
Kuzowynyň reňkiniň temasy salonda hem dowam edýär: interýeri şolar ýaly reňklerde ýerine ýetirilen öküziň keşbi bilen bezelen nagyşlar bilen bejerildi.
Özboluşly dizaýnyndan başga-da, superkar Alleggerita bukjasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bukja awtoulagyň umumy agramyny azaldýan ýeňil komponentleri, aerodinamiki elementleri öz içine alyp, awtoulagyň ýere ýapyşma güýjüni ýokarlandyrýar.
Temerario-nyň tehniki aýratynlyklary üýtgewsiz galýar:
Gibrid model dört litrlik turbo görnüşli V8 we üç sany elektrik hereketlendirijisi bilen işleýär. Olaryň umumy kuwwaty 920 at güýjüne (a.g.) deňdir.


şu gün 18:14
172

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.5k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

11.03.2026 17:18
2.6k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...