Levi's brendi Eýnşteýniň meşhur kurtkasyny täzeden dikeltdi

  • 10.12.2025 12:02
  • 6.3k+

Levi's Vintage Clothing brendi fizik Albert Eýnşteýniň geýen meşhur deri kurtkasynyň çäkli seriýasyny görkezdi. Menlo Cossack diýlip atlandyrylan bu modelden jemi 800 sany öndürildi. Hypebeast-iň habar bermegine görä, olaryň her biri elde belgilenendir.

Levi's kompaniýasy 2016-njy ýylda Christie's auksionynda kurtkanyň asyl nusgasyny $147 000 töläp satyn aldy. Alym ABŞ-a göçenden gysga wagt soň, ony takmynan 1935-nji ýylda satyn alan diýlip çaklanylýar.
Asyl nusganyň bellärlikli aýratynlygy, ondan süýjümtik turba temmäkisiniň ysynyň saklanyp galmagydyr.
Täzeden dikeldilen nusga asyl dizaýny doly gaýtalaýar we gysga erkin biçüwi, tegelek şekilli ýakany, manžetleri we gapdal latun prýažalary öz içine alýar.
Kolleksiýa modeliniň bahasy takmynan $1060.
Her bir önüm 97 belgili auksion nyşanynyň nusgasy, şeýle hem meşhur alymyň portreti bilen bilelikde gelýär.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....