Telegram akkaunta Passkey arkaly girmek mümkinçiligini döretdi

  • 10.12.2025 11:31
  • 1.3k+

Telegram messenjeri akkaunta girmegiň täze usulyny girizdi: indi muny giriş açarynyň (Passkey) kömegi bilen amala aşyryp bolýar diýip, «Kommersant» neşiri habar berýär.

Täze funksiýanyň netijesinde ulanyjylara akkaunta girende SMS koduny ýa-da paroly ulanmak gerek däl.
Täze giriş usulyny işjeňleşdirmek üçin ulanyjy sanly açar döretmeli. Döretmek prosesi biometrik maglumatlary ulanmak bilen şahsyýeti tassyklamagy öz içine alýar. Elýeterli usullar: ýüzi (Face ID), barmak yzyny skanirlemek (Touch ID) ýa-da kod-paroly girizmek.
Döredilen Passkey açary gönüden-göni ulanyjynyň enjamynda saklanýar. Funksiýa programmanyň sazlamalarynda, «Gizlinlik» bölüminde elýeterlidir.
Mundan öň, oktýabrda Telegram akkaunta elektron poçta arkaly iberilen kod boýunça girmek mümkinçiligini goşupdy.


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

30.03.2026 10:43
5k+

Telegramdan ýene bir täzelik

Telegram-yň beta-wersiýasynda ýazylan tekstleri gönüden-göni çatda redaktirlemäge mümkinçilik berýän AI Editor funksiýasy peýda boldy. Bu gural messenjeriň öz interfeýsine birleşdirilen emeli aň arkaly işleýär....

04.03.2026 12:15
1.2k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
822

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...