Versace-iň döredijilik müdiri Prada Group bilen şertnamadan soň brendden gitdi

  • 08.12.2025 11:42
  • 2.3k+

Versace-iň döredijilik müdiri Dario Witale brendden gitdi. Bu Versace-iň Prada Group-yň gözegçiligine geçmegini göz öňünde tutýan şertnama ýapylandan iki gün soň bolup geçdi. Maglumaty markanyň wekilleri tassyklady, ýöne giňişleýin maglumat entek ýok diýip, WWD habar berýär.

Witale wezipäni mart aýynda eýeläpdi we onuň gitmegi moda pudagy üçin garaşylmadyk waka boldy. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, çözgüt Versace bilen Prada Group-yň birleşmegi bilen baglanyşykly bolup biler. Olaryň pikiriçe, bu ädim onuň hünär meýilnamalaryna ters gelen bolsa gerek. Versace-e gelmezden ozal dizaýner Miu Miu-da işläpdi.
Versace-iň baş direktory Emmanuel Ginsburger öz wezipesini eýelemegini dowam etdirýär. Brendiň ýerine ýetiriji başlygy hökmünde Prada Group-yň ýerine ýetiriji müdiri wezipesini eýeleýän Lorenso Bertelli bellener diýlip garaşylýar.   

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....