Grokipedia redaktirlemek üçin açyldy-da, şol bada meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy

  • 07.12.2025 11:56
  • 1.5k+

Ilon Mask tarapyndan döredilen xAI kompaniýasynyň Grokipedia platformasy ulanyjylar tarapyndan açyk redaktirlemek üçin elýeterli boldy, ýöne bu düzedişleri barlamak we tassyklamak mehanizminde düýpli kemçilikleri ýüze çykardy.

Oktýabrda Grok çat-boty tarapyndan ýazylan 800 000 makala bilen işe girizilen taslama ilkibaşda tarapgöýlük, şeýle-de jynsparazlyk alamatlary bolan mazmunlar we materiallaryň Wikipedia-dan göçürilip alnandygy üçin tankyda sezewar edilipdi.
Indi The Verge neşiri täzelenen Grokipedia 0.2 wersiýasynyň çykandygyny habar berdi. Mundan beýläk islendik ulanyjy tekstden bölegi aýratynlandyryp we Suggest Edit düwmesini basyp, üýtgeşme teklip edip bilýär. Ýöne düzedişi girizmek barada gutarnykly çözgüdi ozal tarapgöýlük we nätakyklyk görkezen EA kömekçisi kabul edýär.
Düzedişleri logalarda jikme-jik hasaba alýan we jemgyýet gözegçiligi bar bolan Wikipediadan tapawutlylykda, Grokipedia redaktorlara ne düşnükli görkezmeleri, ne-de üýtgeşmeleri yzarlamak üçin amatly interfeýsi hödürleýär. Ulgam diňe kabul edilen düzedişleriň umumy sanyny (häzir olar 22 müňden gowrak) görkezýär, ýöne haýsy üýtgeşmelerdigini, haýsy sahypalardadygyny we kim tarapyndan teklip edilendigini gizleýär.
Şeýle-de, EA kömekçisi çaprazlyklary aradan aýyrmaýar: ol üýtgeşmeleri bölekleýin girizýär ýa-da meňzeş tekliplere dürlüçe seslenýär. Şol bir wagtyň özünde, jedelli syýasy temalardaky makalalar bilen manipulýasiýa etmek synanyşygy uly howsala döredýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......