Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider

  • 07.12.2025 11:45
  • 5.9k+

“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi.

Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar. Ozal Laporta “Barselona” 2003 – 2007-nji ýyllarda ýolbaşçylyk edipdi.
Ol Mundo Deportivo bilen söhbetdeşlikde öz gelen netijesini düşündirdi: “Prezident iki möhlet işläp bilýär. Men ýene bir gezek dalaş edip bilerdim, ýöne meýilleşdirmeýärin. Bu ýerliksiz bolardy” – diýip, katalon klubunyň prezidenti aýtdy.
Laporta 63 ýaşynda. Onuň ýolbaşçylyk eden döwründe “Barselona” alty gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, üç gezek ýurduň kubogyny we bäş gezek Superkubogyny utdy. Şeýle-de, topar iki gezek Çempionlar ligasynda we bir gezek UEFA-nyň Superkubogynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....