Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy

  • 07.12.2025 11:48
  • 3k+

Hindistandan Sarwagýa Singh Kuşwaha üç ýaşynda öz adyny küşt dünýäsiniň taryhyna ýazmagy başardy. Bu ýaş wunderkind Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi reýtingine giren dünýäde iň ýaş oýunçy boldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär.

Rekord goýlan wagty Sarwagýanyň ýaşy 3 ýyl, 7 aý we 20 gündi. Ol geçen ýylyň noýabrynda rekord goýan (3 ýyl, 8 aý we 19 gün) watandaşy Aniş Sarkaryň üstünligini bir aýdan gowrak tapawut  bilen täzeledi.
Resmi reýtinge girmek üçin küştçi şeýle reýtingi bar bolan, iň bolmanda, bir oýunçyny utmaly. Heniz Madhýa-Pradeş ştatyndaky çagalar bagyna gatnaýan Sarwagýa bu wezipeden üstünlikli baş çykardy. Ol ýurduň dürli ýerlerinde geçirilen ýaryşlarda reýtingli üç garşydaşyndan üstün çykdy.
Ýaş küştçi rapidde (çalt küşt) 1572 utuk gazandy. Ol entek lider bolmakdan uzakda – dissiplinada birinji orny 2824 utuk görkezijisi bilen norwegiýaly Magnus Karlsen eýeleýär. Häzirki dünýä çempiony Gukeş Dommaraju we tanymal Wişwanatan Anand ýaly grossmeýsterleri dünýä sowgat eden Hindistan üçin Sarwagýanyň peýda bolmagy ýene bir buýsanç çeşmesi boldy.

“Biziň üçin oglumyzyň FIDE reýtingi bilen dünýäde iň ýaş küştçi bolmagy uly buýsanç we hormat. Biz onuň grossmeýster bolmagyny arzuw edýäris” – diýip, oglanjygyň kakasy Siddhart Singh şatlygy bilen paýlaşdy.


20.06.2026 01:00
3.4k+

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

08.06.2026 12:15
2.1k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....

03.06.2026 15:11
16k+

Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial......

14.05.2026 15:38
2.5k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....