“Bulut tansçysy” reňki Pantone tarapyndan 2026-njy ýylyň reňki hökmünde saýlandy

  • 06.12.2025 10:24
  • 2.9k+

Pantone 2026-njy ýylyň reňkini yglan etdi – ol “Cloud Dancer” (“Bulut tansçysy”) atly bitarap ak reňk boldy. Institut bu barada öz resmi saýtynda habar berdi.

Pantone şeýle ak reňkiň “galmagally dünýäde rahatlyk, aýdyňlyk we döredijilik ylhamyny” getirýändigini belleýär. Bu öwüşgin “möhüm we esas” diýlip hasaplanýar. Şeýle-de, ak “ähli zady täzeden başlamak üçin arassa kagyzyň” alamaty hökmünde häsiýetlendirilýär. The New York Times neşiriniň redaktorlarynyň pikiriçe, bu reňkiň saýlanmagy dünýädäki syýasy ýagdaý bilen baglanyşykly bolup biler.

“Bizi gurşap alan bulam-bujarlyk we köp seslilik sustuňy basyp, bize içki “meniň” sesini eşitmäge päsgel berýär. Cloud Dancer artykmaç daşky faktorlardan dyndaryp, bize ünsümizi jemlemäge kömek edýär” – diýip, Pantone-yň ýolbaşçysy Litris Eýsman belledi.

Pantone reňk standartlaşdyrma ulgamy 1963-nji ýyldan bäri hereket edýär. 2000-nji ýyldan bär institut her ýyl bir reňki ýylyň reňki hökmünde saýlaýar. 2025-nji ýylda bu ady “Mocha Mousse” karamel-şokolad reňki aldy. Pantone ony “baýlykdan doly, ýylylyk beriji goňur öwüşgin” diýip häsiýetlendirdi.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....