Toyota Corolla 2026 Ýewropada täze ýalpyldysyz Onyx Grey reňkine eýe boldy

  • 05.12.2025 17:02
  • 8.2k+

Toyota Ýewropa bazary üçin Corolla modeliniň täzelenendigi barada habar berdi. Esasy täzelik bu model üçin ilkinji gezek ulanylan ýalpyldysyz Onyx Grey lak-boýag örtügi boldy. Bu reňk GR SPORT hetçbegi we Touring Sports uniwersaly üçin elýeterli bolar.

Reňk palitrasyna ýalpyldaýan metal bölejikler bilen täze Storm Grey hem goşuldy.
Kompaniýanyň wekilleri Bernastondaky Toyota Manufacturing UK zawodynyň ilkinji bolup Onyx Grey reňkini önümçilik awtomobilleri üçin ulanyp başlandygyny habar berdi. Täze reňk ilkibaşda 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Beýik Britaniýada, soňra 2026-njy ýylda beýleki Ýewropa bazarlarynda elýeterli bolar.


Daşky üýtgeşmelerden başga-da, Corolla-nyň ekologiýa profili güýçlendirildi: oturgyçlaryň arkasy we ýassyklary üçin indi gaýtadan işlenen materiallardan berk mata – Samara daşlygy ulanylýar. Ol ilkinji gezek Sedan Mid+ wersiýasynda oturgyçlaryň ýörite dizaýnynda hem ulanyldy.
Model öňküsi ýaly 1,8 we 2,0 litrlik benzin hereketlendirijileriniň esasynda gibrid güýç enjamy bilen üpjün edilýär.
Täze Corolla 12,3 dýuýmlyk enjam panelini we 10,5 dýuýmlyk sensor ekranly Toyota Smart Conncet+ muldimedia ulgamyny öz içine alýan doly sanly interfeýsi hödürleýär.
Hetçbek we Corolla Touring Sports uniwersaly Toyota Manufacturing UK zawodynda, sedan bolsa Toyota Motor Manufacturing Turkey zawodynda öndürilýär. 


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......