Aleksandr Usik garşydaş hökmünde Deonteý Uaýlderi saýlady

  • 05.12.2025 16:56
  • 10k+

Dünýäniň iň güýçli agyr agramly söweşijisi Aleksandr Usik indiki söweş üçin esasy garşydaşyň amerikaly Deonteý Uaýlder hasaplanýandygyny aýtdy. Bu barada ol Bangkokda geçirilen Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) konwensiýasy mahalynda mälim etdi.

Usik Halkara boks federasiýasynyň (IBF), Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) we Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) guşaklaryna eýeçilik edýär. Ol köpçüligiň öňünde Uaýldere ýüzlenip, ony «örän tanymal we güýçli ýigit, soňky onýyllygyň iň beýik agyr agramly söweşijileriniň biri» diýip atlandyrdy. Amerikaly boksçynyň menejeri Şelli Finkel öz müşderisiniň «mynasyp» teklip bolsa, söweşi kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.
Uaýlder Usigiň entek duşuşmadyk garşydaşlary bilen deňeşdirilende boks dünýäsinde görnükli şahsyýet bolup galýar. Şol bir wagtyň özünde, söweşijiniň sport formasy öňki derejesinde däl. Uaýlder uzak wagtlap super agyr agramda iň howply pançerleriň biri hasaplanypdy we WBC-niň çempion titulyny saklapdy – onuň nokaut urgusy söweşi bir takyk urgy bilen tamamlamaga mümkinçilik berýärdi. Ýöne Taýson Fýuri bilen duşuşyklardan soň onuň derejesi ep-esli gowşady. Bu söweşleriň biri deňme-deňlik, ikisi bolsa Fýuriniň möhletinden ir ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Şondan soň Uaýlder Jozef Parkerden, soňra bäşinji raundda Çžileý Çžandan ýeňildi. Tomusda Tirrell Entoni Herndondan üstün çykmagy garşydaşyň gowşakdygy sebäpli analitikleriň bahalaryny üýtgetmedi.
Häzir 40 başly boksçy agyr agramly söweşijileriň BoxRec reýtinginde 44-nji orny eýeleýär.
Ozal Usik WBO titulyny boşatdy – ol Fabio Uordlä garşy hökmany goragy geçirmezlik üçin tituldan meýletin ýüz öwürdi. Ondan öň Daniel Dýubuany nokauta gidirip, absolýut dünýä çempiony adyny gaýtaryp alypdy.


18.05.2026 13:53
2.2k+

Saul Alwares WBC-niň çempiony tituly ugrunda Kristian Mbilli bilen urşar

Ikinji orta agram derejesinde boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony meksikaly Saul Alwares 76,2 kg çenli agram derejesinde WBC-niň dünýä çempiony tituly ugrunda asly kamerunly fransuz boksçysy Kristian......

17.05.2026 09:52
9.5k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.3k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.8k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....