Formula 1-iň Mercedes topary PepsiCo bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini yglan etdi

  • 05.12.2025 11:47
  • 1.4k+

Formula 1-iň Mercedes topary Amerikanyň transmilli korporasiýasy bolan PepsiCo bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi.

Hyzmatdaşlyk korporasiýanyň üç brendi: Gatorade, Sting we Doritos bilen amala aşyrylar.
Mercedes-AMG F1 Team-iň müdiri Toto Wolff toparyň metbugat beýanatynda şertnama barada teswir berdi:

"Hyzmatdaşlyk ulgamymyza PepsiCo ýaly güýçli abraýly kompaniýany goşmak — bu toparymyzyň we sportumyzyň güýjüniň ýene bir alamaty. Olar brend hökmünde biziň maksadymyza — innowasiýa we tejribe arkaly iň ýokary netijäni gazanmak maksadymyza doly laýyk gelýär. Gatorade-iň sport ylymlary ugrundaky tejribesi, Sting energetik içgisiniň energiýasy we Doritos-yň medeni ähmiýeti üýtgeşik bir zat döredýär. Olar bilelikde diňe bir toparymyzyň üstünlik gazanmagyna ýardam etmän, eýsem dünýäniň janköýerlerine ajaýyp täsirleri bagyşlaýar" diýip, Mercedes-iň ýaryş bölüminiň başlygy Toto Wolff şertnama teswir berdi.


29.05.2026 15:15
18k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....