Insaýder geljekki Huawei Nova 15 hatarynyň aýratynlyklaryny aýtdy

  • 29.11.2025 22:38
  • 2.5k+

Insaýder Digital Chat Station geljekki Huawei Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlary barada maglumatlar bilen paýlaşdy. 

Habar berlişi ýaly, esasy model Nova 15 6,7 dýuým ekrana eýe bolar. Nova 15 Pro biraz uly – 6,84 dýuým displeýi alar. Smartfonlaryň ikisi-de 1,5K durulykdaky LTPO OLED displeýleri bilen üpjün edilip bilner.
Nova 15 Pro-nyň öň ýüzündäki kamera iki sany – 50 we 8 Mp datçikli bolup biler, adaty Nova 15 bolsa diňe 50 Mp moduly alar.
Nova 15 Pro-nyň yzky panelinde 50 Mp esasy, periskopik obýektiwli 50 Mp modul we ultra giňburçly kamera bolar. Şeýle-de, kompaniýa tarapyndan, adatça, reňki takyk bermek we pes ýagtylykda surata düşürmek üçin ulanylýan “multispektral datçik” hem agzalyp geçilýär.
Gürrüňlere görä, esasy we Pro wersiýa hem täze bir kristally Kirin 8 ulgamynda işlär. Nova 15 Ultra bolsa kuwwatly Kirin 9 çibine we 1/1,3 dýuýmlyk uly 50 Mp esasy sensora eýe bolar. Modelleriň üçüsi-de 6000 mA/sag-dan gowrak sygymly akkumulýator bilen enjamlaşdyrylar.
Smartfonlaryň 2026-njy ýylyň başynda hödürlenmegine garaşylýar. 


16.01.2026 08:10
3.7k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...