Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň tapgyrynyň netijeleri

  • 28.11.2025 23:17
  • 6.1k+

Penşenbe güni agşam we anna gününe geçilen gije Ýewropa ligasynyň bäşinji tapgyrynyň we Konferensiýa ligasynyň dördünji tapgyrynyň oýunlary geçirildi.

Ýewropa ligasynyň ýaryş jedwelinde fransuz «Liony» birinji orny eýeledi. Ol Tel-Awiwiň «Makkabi» toparyny 6:0 hasabynda utdy. «Lion» her ýarymda üç gol geçirdi. Esasy gahryman het-trik eden Korentin Tolisso boldy.
Beýleki bir oýunda «Roma» «Mitýullandy» ilkinji ýeňlişe sezewar etdi. Bäşinji tapgyrda «Aston Willa» we «Seltik» hem möhüm ýeňiş gazandy.
Indi «Lion» 12 utuk bilen ýaryş jedweliniň başynda ýerleşýär. «Mitýulland» bilen «Aston Willanyň» hem şonça utugy bar, ýöne daniýalylar bilen angliýalylar gol tapawudy boýunça fransuz klubundan yza galýar.
Ýewropa ligasynyň bäşinji tapgyrynyň netijeleri:

  • ·«Roma» (Italiýa) — «Mitýulland» (Daniýa) 2:1
  • ·«Aston Willa» (Angliýa) — «Ýang Boýz» (Şweýsariýa) 2:1
  • ·«Portu» (Portugaliýa) — «Nissa» (Fransiýa) 3:0
  • ·«Wiktoriýa» (Çehiýa) — «Fraýburg» (Germaniýa) 0:0
  • ·«Fenerbahçe» (Türkiýe) — «Ferenswaroş» (Wengriýa) 1:1
  • ·«Feýenoord» (Niderlandlar) — «Seltik» (Şotlandiýa) 1:3
  • ·«Lill» (Fransiýa) — «Dinamo» Zagreb (Horwatiýa) 4:0
  • ·PAOK (Gresiýa) — «Brann» (Norwegiýa) 1:1
  • ·«Ludogores» (Bolgariýa) — «Selta» (Ispaniýa) 3:2
  • ·«Bolonýa» (Italiýa) — «Zalsburg» (Awstriýa) 4:1
  • ·«Srwena Zwezda» (Serbiýa) — FKSB (Rumyniýa) 1:0
  • ·«Gou Ehed Iglz» (Niderlandlar) — «Ştutgart» (Germaniýa) 0:4
  • ·«Genk» (Belgiýa) — «Bazel» (Şweýsariýa) 2:1
  • ·«Makkabi» Tel-Awiw (Ysraýyl) — «Lion» (Fransiýa) 0:6
  • ·«Nottingem Forest» (Angliýa) — «Malmýo» (Şwesiýa) 3:0
  • ·«Panatinaikos» (Gresiýa) — «Şturm» (Awstriýa) 2:1
  • ·«Reýnjers» (Şotlandiýa) — «Braga» (Portugaliýa) 1:1
  • ·«Betis» (Ispaniýa) — «Utreht» (Niderlandlar) 2:1

Ýewropanyň üçünji esasy klub ýaryşy bolan Konferensiýa ligasynda tapgyryň jemi boýunça 10 utuk bilen Türkiýäniň «Samsunspor» we Fransiýanyň «Strasbur» toparlary öňde barýar.

Konferensiýa ligasynyň dördünji tapgyrynyň netijeleri:

  • ·«AZ Alkmaar» (Niderlandlar) — «Şelburn» (Irlandiýa) 2:0
  • ·«Hamrun Spartans» (Malta) — «Linkoln Red Imps» (Gibraltar) 3:1
  • ·«Zrinski» (Bosniýa we Gersegowina) — «Heken» (Şwesiýa) 2:1
  • ·«Leh» (Polşa) — «Lozanna-Sport» (Şweýsariýa) 2:0
  • ·«Omoniýa» (Kipr) — «Dinamo» Kiýew (Ukraina) 2:0
  • ·«Rakuw» (Polşa) — «Rapid» (Awstriýa) 4:1
  • ·«Sigma» (Çehiýa) — «Sele» (Sloweniýa) 2:1
  • ·«Uniwersitatýa» (Rumyniýa) — «Maýns» (Germaniýa) 1:0
  • ·«Slowan» (Slowakiýa) — «Raýo Walýekano» (Ispaniýa) 2:1
  • ·«Aberdin» (Şotlandiýa) — «Noa» (Ermenistan) 1:1
  • ·«Fiorentina» (Italiýa) — AEK Afiny (Gresiýa) 0:1
  • ·«Breýdablik» (Islandiýa) — «Samsunspor» (Türkiýe) 2:2
  • ·«Drita» (Kosowo) — «Şkendiýa» (Demirgazyk Makedoniýa) 1:0
  • ·«Rieka» (Horwatiýa) — AEK Larnaka (Kipr) 0:0
  • ·«Ýagelloniýa» (Polşa) — KuPS (Finlýandiýa) 1:0
  • ·«Legiýa» (Polşa) — «Sparta» (Çehiýa) 0:1
  • ·«Strasbur» (Fransiýa) — «Kristal Pelas» (Angliýa) 2:1
  • ·«Şemrok Rowers» (Irlandiýa) — «Şahtýor» (Ukraina) 1:2

şu gün 13:40
4.8k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6.7k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
10k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......