19 ýaşly özbegistanly Žawohir Sindarow küşt boýunça Dünýä kubogyny gazandy

  • 27.11.2025 10:16
  • 4.3k+

Özbegistandan grossmeýster Žawohir Sindarow küşt boýunça Dünýä kubogyny gazandy. Ýaryş Goa ştatynda (Hindistan) geçirildi.

Finalda 19 ýaşly küştçi hytaýly Weý Ini taý-breýkde utdy. Ýeňiş taý-breýkiň ikinji döwünde gara mallar bilen gazanyldy. Ýaryşyň bürünç medalyny russiýaly Andreý Ýesipenko aldy.
Sindarow, Weý I we Ýesipenko 2026-njy ýylyň dalaşgärler ýaryşynda çykyş etmäge hukuk gazandy.
Žiwohir Sindarow 12 ýaşynda grossmeýster boldy. 2022-nji ýylda ol Özbegistanyň milli ýygyndysyna Bütindünýä küşt olimpiadasynda ýeňiş gazanmaga kömek etdi.
Geçenki gezek, 2023-nji ýylda, Dünýä kubogyny norwegiýaly Magnus Karlsen utupdy.


18.04.2026 12:18
4.6k+

FIFA özbegistanly eminleri Dünýä çempionaty – 2026-nyň sanawyna goşdy

FIFA-nyň habar bermegine görä, Ilgiz Tantaşewiň ýolbaşçylygyndaky özbegistanly eminler topary 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň resmi eminleriniň sanawyna girizildi. Ýaryşda Tantaşew bilen......

15.04.2026 14:03
3.4k+

Özbegistanly grossmeýster dünýäniň küşt täji üçin Gukeş Dommaraju bilen bäsleşer

Özbegistanly grossmeýster Žawohir Sindarow Kiprde geçirilýän dalaşgärleriň küşt ýaryşynda möhletinden öň ýeňiş gazandy. 9,5 utuk toplan 20 ýaşly küştçi ýaryşyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda iň ýakyn......

06.04.2026 10:44
9.1k+

The Athletic neşiri Abdukodir Husanowy özbekleriň Kriştianu Ronaldusy diýip atlandyrdy

The Athletic neşiri Özbegistanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Siti» toparynyň goragçysy Abdukodir Husanowyň öz watanyndaky meşhurlyk derejesini portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu bilen deňeşdirdi....

31.03.2026 16:37
2.4k+

«AŞGABAT» topary küşt boýunça Türkmenistanyň ilkinji toparlaýyn çempionatynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň sport taryhynda küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionat Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde tamamlandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan bu bäsleşige......