Täze Mercedes-AMG GLC 900 at güýjünden gowrak kuwwaty alar

  • 23.11.2025 21:31
  • 3k+

Mercedes-AMG birnäçe aý mundan ozal tanyşdyrylan GLC elektrik krossoweriniň täze nesliniň öz wersiýasynyň üstünde işleýär. Autocar-yň maglumatlaryna görä, model 900 at güýjüni ýa-da ondan hem köp kuwwaty öndürip biler, bu bolsa ony AMG-nyň häzirki iň güýçli krossoweri edýär.

Modeliň dünýäde ilkinji görkezilişiniň 2026-njy ýylda geçirilmegine garaşylýar.
Deslapky maglumatlar üç sany elektrik hereketlendirijisini we üç sekuntdan hem az wagtda 100 km/sagat tizlige çykyp bilýändigini görkezýär.
GLC-niň täze wersiýasy rekord goýan AMG GT XX konseptinde synagdan geçirilen tehnologiýalary ulanar. Krossowerde ýokary energiýa dykyzlygyny we çalt kuwwat bermegi üpjün edýän döwrebap öýjükleri bolan batareýa bolar. Şeýle hem, ösen suwuklyk sowadyjy ulgam ulanylar. Iň ýokary zarýad beriş güýji 330-dan 400 kW-a çenli artar.
Mundan başga-da, elektrik krossowerde bäsdeşler tarapyndan işjeň öňe sürlen funksiýalar, mysal üçin, simulýasiýa edilen dişli geçiriş we sekiz silindrli hereketlendirijiniň häsiýetini gaýtalaýan ses sintezatory bolar.
Adaty GLC häzirki wagtda 489 at güýjündäki görnüşinde satylyp ýör. Ol bir gezek berlen zarýady bilen 715 kilometre çenli ýol geçip bilýär we başlangyç bahasy 71 300 ýewro.


03.06.2026 11:52
7.3k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.5k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......