Honda Pilot täzelendi: täze keşp, uly displeýler we sessiz salon

  • 23.11.2025 21:26
  • 3.4k+

Ilkinji gezek çykanyndan üç ýyl soň, Honda Pilot krossoweri meýilleşdirilen täzelenmäni aldy. Öndüriji öňki güýç gurluşyny saklap, esasan daşky üýtgeşmä, ses izolýasiýasyny gowulandyrmaklyga, dolandyryşa we multimediýa funksiýalaryna ünsi jemledi.

Çap edilen suratlarda TrailSport (ýaşyl) we Elite (gyzyl) wersiýalary görkezilipdir. Ikisi hem iri torly täze radiator gözenegini we has uly howa girişi bolan bamperi aldy.
TrailSport gara bezegi we uniwersal tekerleri bilen tapawutlanýar. Modeliň setirine täze 20 dýuýmlyk teker dizaýny bilen birlikde kuzowyň üç täze reňki goşuldy.
Merkezi displeýler ulaldyldy: indi olaryň diagonaly öňki 7 we 9 dýuým ýerine, 10,2 we 12,3 dýuým boldy. Media ulgamy täzeden işlenen interfeýsi, birikdirilen Google hyzmatlaryny, 5G Wi-Fi goldawyny we simsiz smartfon birikmesini aldy. Bäşinji gapynyň elektrik hereketlendirijisi (tokly hereketlendirijisi) indi standart enjamlara girýär.
Öňdäki galyň aýnalaryň, täze materiallaryň hem-de gapylardaky we kapotdaky goşmaça ses izolýasiýasynyň hasabyna Honda salondaky sesiň derejesini takmynan 2–3 dB azaltdy. Işjeň howpsuzlyk toplumyna indi ikinji gezek çaknyşmalaryň öňüni almaga kömek edýän çaknyşmadan soňky awtomatiki tormozlama funksiýasy goşuldy. Rul dolandyryşy gowulandyryldy, bu bolsa sürüjiniň habarlylygyny (informatiwligini) ýokarlandyrmalydyr.


04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.3k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....