Honda hereketlendirijisindäki näsazlyklar sebäpli 250 müňden gowrak Accord-y yzyna gaýtarýar

  • 21.11.2025 22:03
  • 3k+

Honda, ABŞ-da 2025-nji ýyldaky modelleri hem öz içine almak bilen, jemi 256 müň 603 sany Accord gibrid sedanyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi.

Yzyna çagyrmaklyga hereketlendirijiniň programma üpjünçiligindäki bökdençlikler sebäp boldy. Bu näsazlyk ulag dolandyrylýan wagtynda birden kuwwatyny ýitirmegine getirip biler.
Ilkinji habarlar 2024-nji ýylyň mart aýynda gelip gowşupdy. Geçirilen seljermelerden soň, Honda näsazlyklara gözegçilik edýän dolandyryş moduly prosessory üçin programma üpjünçiligini işläp düzüjiniň wezipäniň käbir böleklerine nädogry düşünendigini anyklady. Bu ýalňyş düşünje sebäpli, programma üpjünçiligi kiçi näsazlyklary merkezi işleýiş bölüminde (CPU) uly näsazlyklar hökmünde kabul edýär. Ulgama goşulan täze funksiýalar böleklere düşýän ýüki artdyrdy we bu meseläni has-da agyrlaşdyrdy. Nädogry işlemek dolandyryş modulynyň täzeden işe girizilmegine (перезагрузка) we netijede hereketlendirijiniň kuwwatynyň ýitmegine sebäp boldy.
Dolandyrylýan wagtynda kuwwatyň ýitmegi awariýa töwekgelçiligini artdyrýar.
2022-nji ýylyň noýabryndan 2025-nji ýylyň oktýabryna çenli öndürilen ulaglaryň eýeleri dilerlik merkezlerine ýüz tutmalydyr.
Uzak aralykdan (Over-the-Air) täzelenmeler ýeterlik däl. Hyzmat merkezlerinde ýörite taýýarlanan hünärmenler merkezi prosessory elde (göni) täzeden programmalaşdyrarlar.


04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.3k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....