Amerikan startapy üç tigirli “günmobilleri” ýygnap başlady

  • 16.11.2025 22:40
  • 4.5k+

Kaliforniýanyň Aptera startapy özüniň Gün elektromobiliniň synag nusgalarynyň ýygnalyp başlanandygyny habar berdi – bu prototipden yzygiderli önümçilige tarap ilkinji ädim boldy. Işler üpjün edijilerden taýýar komponentleri ulanmak bilen Günorta Kaliforniýadaky täze önümçilik hatarynda alnyp barylýar.

Kompaniýa täze desganyň önümçilik proseslerini kämilleşdirmäge we geljekki awtomobilleriň durnukly hilini saklamaga mümkinçilik berýändigini belleýär. Aptera kuzow bilen şassiniň birleşdirilmegini ýeňilleşdirýän, şeýle-de inženerlere kemçilikleri çalt ýüze çykaryp, düzetmegä kömek edýän uly göwrümli ýygnama stendini ulanýar.
Önümçilik häzirlikçe kiçi tapgyrlar bilen çäklener, ýöne hataryň işe girizilmegi modeliň bazaryna çykmagyny ýakynlaşdyrýar. Deslapky maglumatlara görä, takmynan, 40 müň dollarlyk Launch Edition wersiýasy bir zarýadda 640 km çenli ýol geçip, gurnalan Gün panellerinden günde goşmaça 64 km alyp biler.
Şäher elektromobillerine islegiň artýandygyny göz öňünde tutsaň, Aptera 2026-njy ýylyň täze ulaglarynyň arasynda iň üýtgeşik we innowasion modelleriň biri bolup biler. 


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......