Madridiň “Atletikosy” täze maýadaryň gözegçiligine geçýär

  • 12.11.2025 08:48
  • 5.4k+

Madridiň “Atletiko” futbol kluby paýnamalaryň gözegçilik bukjasynyň Apollo Sports Capital (ASC) maýa goýum kompaniýasyna satylandygyny habar berdi.

Şertnamanyň çäklerinde Migel Anhel Hil we Enrike Sereso baş direktor we prezident hökmünde öz orunlaryny, şeýle-de paýdar statusyny saklap galar. Soňky ýigrimi ýylda olaryň ýolbaşçylygynda “Atletiko” Ýewropanyň iň üstünlikli we belli klublarynyň biri boldy.
Paýdarlar klubuň uzak möhletleýin meýilnamalaryny goldamak üçin serişde maýa goýmagy, şol sanda “Atletiko” toparlaryna we uly infrastruktura taslamalaryna maýa goýmagy meýilleşdirýär.
Klubuň resmi saýtynda täze hyzmatdaşyň “Atletikonyň” taryhyny, däp-dessurlaryny, özboluşlylygyny we onuň janköýerlerini hormatlaýandygy, şol bir wagtyň özünde-de ösüşi we bäsdeşlige ukyplylygy saklamak üçin goşmaça serişdeleri berýändigi bellenilýär.
Ispaniýanyň Primerinde 12 tapgyrdan soň “Atletiko” 25 utuk bilen dördünji orny eýeleýär. Çempionlar ligasynda topar dört oýunda alty utuk gazandy. 


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....