Pantone 2026-njy ýylyň ýaz–tomus möwsüminiň esasy reňk öwüşginlerini yglan etdi

  • 11.11.2025 15:13
  • 3.8k+

Pantone reňk instituty 2026-njy ýylyň ýaz–tomus möwsüminiň moda ugurlary baradaky hasabatyny çap etdi. Bilermenleriň bellemegine görä, geljek möwsümiň esasy äheňi gülgüne we ýaşyl reňkleriniň utgaşmasy bolar. Bu iki reňk tebigatda hem-de häzirki zaman dizaýn giňişliginde tebigy görnüşde sazlaşýar.

Bu reňk jübüti geçen güýzde moda ýodalarynda birnäçe kolleksiýada peýda bolupdy. Pantone hünärmenleriniň pikirine görä, dizaýnerler şol wagt kolleksiýalary geljek möwsüme niýetläp görkezseler-de, bu utgaşmany häzirki möwsümde hem peýdalanmak üçin çäklendirme ýok.
Açyk gülgüne we ýaşyl öwüşginler öý interýerlerinde-de birmeňzeş derejede ýakymly görünýär. Olar giňişlige jan berýär, oňa energiýa goşýar we hatda bulutly günlerde hem şähdaçyk görnüş döredýär.
Pantone reňk instituty dünýä boýunça reňk ugurlaryny öwrenýän we moda, dizaýn, önümçilik ýaly pudaklar üçin dowamly çaklamalar taýýarlaýan halkara guramadyr. Onuň ýyllyk hasabatlary brendlere, stilistlere we dizaýnerlere geljekki estetiki ugurlary anyklamaga hem-de täsirli ýygyndylary döretmäge ylham berýär.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....