Messi futbol taryhynda ilkinji bolup 400 assiste ýetdi

  • 10.11.2025 18:28
  • 6.9k+

Lionel Messi taryhda 400 assist eden ilkinji futbolçy boldy. “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi bu görkezijä ABŞ-nyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) pleý-offunyň 1/8 finalynyň “Neşwille” garşy üçünji oýnunda ýetdi.

Duşuşyk 4:0 hasabynda Maýami klubunyň peýdasyna tamamlandy. Assistden başga-da, Messi iki gol geçirdi.
Şeýlelikde, “Inter Maýami” “Neşwill” bilen duşuşyklarda 2:1 hasabynda utup, pleý-offuň dörtden bir finalyna çykdy. Indi ol “Sinsinnati” bilen duşuşar.
Messi karýerasyndaky assistleriniň köpüsini “Barselonada” ýerine ýetirdi – 269. Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 60 assist, “Inter Maýamide” 37, “Pari Sen-Žermende” 34 assist bar.
38 ýaşly Messi “Inter Maýamide” 2023-nji ýyldan bäri oýnaýar. Ol sekiz gezek “Altyn topuň” eýesi boldy. Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2022-nji ýylyň dünýä çempiony boldy, Amerikanyň Kubogyny (2021, 2024), Finalissimany (2022) we Olimpiýa oýunlaryny (2008) utdy.


şu gün 13:03
9.8k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.9k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5.2k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....