Dünýäde adam başyna tüwi iň köp sarp edilýän ýurtlaryň ady belli boldy

  • 10.11.2025 11:09
  • 9.7k+

Tüwi köp ýurtlaryň milli naharlarynda esasy orun eýeleýär. WorldStats-yň maglumatlaryna görä, adam başyna tüwi sarp edilişinde Mýanma ilkinji ýerde durýar — bir adam ortaça ýylda 278,97 kilogram tüwi iýýär.

Mýanmanyň yzyndan Komor adalary (274,51 kg), Gambiýa (256,4 kg), Kamboja (247,54 kg) we Bangladeş (246,85 kg) gelýär. Şeýle hem ilkinji onlugyň içinde Wýetnam, Laos, Filippinler, Şri-Lanka we Indoneziýa bar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda dünýä boýunça tüwiniň umumy sarp edilişi takmynan 522 million tonna ýetdi. Bahalaryň ýokarlanandygyna garamazdan, bu ösümlige bolan isleg durnukly bolup galýar.
Soňky çaklamalara görä, 2025/26-njy ýylda, aýratyn-da Afrika ýurtlarynda tüwi sarp edilişi has hem artar diýlip garaşylýar. ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrligi dünýäde tüwi öndürilişiniň 541,6 million tonna çenli ýokarlanjakdygyny, tüwi eksportynyň bolsa Hindistanyň paýynyň artmagy bilen tas 60 million tonna çenli baryp ýetip biljekdigini habar berýär.

şu gün 11:41
3

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
39

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 19:47
787

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

düýn 19:30
2.2k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......