Gwardiola tälimçi karýerasynda 1000-nji oýnuny geçirer

  • 08.11.2025 16:56
  • 4.5k+

“Mançester Sitiniň” baş tälimçisi Hosep Gwardiola halypa hökmünde 1000-nji oýnuny geçirer. Angliýanyň Premýer-ligasynyň 11-nji tapgyrynyň çäklerinde “Liwerpula” garşy oýun ispaniýaly hünärmen üçin şanly waka bolar.

“Eger men şeýle ýubileý üçin garşydaşy özüm saýlap bilen bolsam, “Liwerpul” iň gowusy bolardy. Men eýýäm köpden bäri bu ýurtda. Elbetde, “Barselona” meniň durmuşymyň möhüm bölegi boldy. Men ol ýerde topy alyp berýän oglan, futbolçy, tälimçi boldum. “Bawariýa” hem durmuşymda üýtgeşik tapgyr boldy. Ýöne “Liwerpul” – aýratynam, Ýurgen Kloppyň işlän döwürleri – bu ýurtda biziň esasy garşydaşymyz. Ondan gowusy bolubam bilmez. Ykbal, dünýäniň erki şeýle. Men janköýerlerimiz stadionda meniň ýubileýimi bellemäge geler we biz bilelikde güýçli garşydaşy utup bileris diýip umyt edýärin” – diýip, Gwardiola toparyň resmi saýty üçin interwýuda aýtdy.

Dokuz tapgyrdan soň “Mançester Siti” 19 utuk bilen APL-iň ýaryş jedwelinde ikinji, “Liwerpul” 18 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär.
Gwardiolanyň tälimçi hökmünde karýerasy 2007-nji ýylda “Barselona B” toparynda başlady. Şondan bäri ol “Barselonanyň” esasy toparyna, Mýunheniň “Bawariýasyna” we Angliýanyň “Mançester Siti” klubuna ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygyndaky 999 oýunda toparlar ähli ýaryşlarda 715 ýeňiş gazandy we 128 ýeňlişe sezewar boldy, 12 gezek milli çempionaty utdy we üç gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijileri boldy.
54 ýaşly hünärmeniň 1000-nji oýny ýekşenbe güni, 9-njy noýabrda Mançesterdäki “Etihad Stediumda” geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:30-da başlar.


düýn 20:28
8.4k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....