Geýmerler Counter-Strike 2-de millionlarça dollar ýitirdi: futbolçy Neýmar hem ýitgi çekdi

  • 06.11.2025 11:04
  • 4k+

2025-nji ýylyň oktýabrynyň ahyrynda Counter-Strike 2-niň içindäki predmetleriň bazary häzire çenli iň uly çökgünligi başdan geçirdi. Jemgyýetde Red Skin Alchemy resmi däl adyny alan täze kraft funksiýasy bilen täzelenme çykandan soň, seýrek predmetler üçin bahalar 40-60% pese gaçdy.

CSMarketCap-yň maglumatlaryna görä, skin bazarynyň umumy bahasy tas üçden iki peseldi, oýunçylaryň we kolleksionerleriň umumy ýitgileri bolsa 2 mlrd dollardan geçdi. Ýitgi çekenleriň arasynda treýderler, kolleksionerler we hatda oýnuň uly muşdagy bolan braziliýaly futbolçy Neýmar hem bar.
Täzelenmeden öň Counter-Strike 2-niň ykdysadyýeti seýrek kosmetik predmetleriň – pyçaklaryň, ellikleriň we ýaraglaryň satuwynda gurulýardy. Olaryň käbirleri ägirt pula durýardy: “Gök gymmatly daş” printli kerambit 1,2 – 2 mln dollar, şeýle printli AK-47 – 1 mln töweregi, “Aždarhalaryň taryhy” printli AWP snaýper tüpeňi, takmynan, 250 müň dollardy. Bu predmetler Steam platformasynda satylýar, bu ýerde baha bolsa auksiondaky ýaly kesgitlenýär.
Kraftyň girizilmegi bilen Valve kompaniýasy oýunçylara bäş “Gizlin” predmeti birleşdirip, gerek kolleksiýadan pyçak ýa-da ellik almaga mümkinçilik berdi. Bu funksiýa öňki ykdysady modele zyýan ýetirdi: özboluşly hasaplanan we diňe uly mukdara ýa-da seýrek şowa elýeterli bolan predmetler keýsler açylanda köpçülikleýin boldy.

“Men seýrek patternli pyçak kolleksiýasyna 80 000 dollar goýdum. Häzir onuň bahasy zordan 20 000 dollara ýetýär. Bu meniň öý satyn almak üçin gaznamdy” – diýip, Reddit ulanyjylarynyň biri paýlaşýar.

Analitikler Valve-niň seýrek predmetleri has elýeterli edip, isleg bilen teklibiň deňagramlylygyny bozandygyny belleýär. Bahalaryň pese gaçmagyny haýallatmak üçin söwda platformalary gymmatyny ýitiren skinleriň söwdasyny wagtlaýyn çäklendirip başlady. 

şu gün 01:00
1.6k+

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

düýn 19:42
1k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

düýn 17:01
6.6k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
6.3k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....