Kia täze Telluride modeliniň ilkinji resmi suratlaryny görkezdi

  • 28.10.2025 20:30
  • 5.9k+

Kia täze nesil Telluride krossoweriniň ilkinji resmi şekillerini hödürledi. Täze modeliň doly tanyşdyrylyşy 20-nji noýabrda Los-Anjeles awtosergisinde bolar.

Telluride-nyň ikinji nesli has burçly we güýçli görnüşe eýe bolar. Tehniki tarapdan bu modeliň Hyundai Palisade bilen ýakyn bolmagyna garaşylýar.
Kompaniýanyň bellemegine görä, täze Telluride “Opposites United” (“Gapma-garşylygyň bitewüligi”) atly dizaýn filosofiýasynyň çäklerinde döredildi. Daşky görnüş has berk we stilistik taýdan düzüldi: aýna liniýasynyň görnüşi we gara yşyklandyrylan yzky sütünler Range Rover-i ýada salýar, yşyk enjamlary dik görnüşde ýerine ýerleşdirilen, üçegiň üstünde panorama we lyuk bar.
Hereketlendirijiler barada doly maglumatlar entek mälim edilmedi. Ilkinji maglumatlara görä, esasy wariant 3,5 litr kuwwatlykda takmynan 290 at güýji bolan alty silindrli benzinli motordan peýdalanar. Iň güýçli konfigurasiýa bolsa 2,5 litr turbomotory esasynda döredilen, umumy kuwwaty 330 at güýjünden geçýän gibrid ulgam bolar.
Tanyşdyrmak üçin Los-Anjelesiň saýlanmagynyň aýratyn sebäbi bar: Telluride — ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazary üçin ýörite ösdürilen Kia modeli bolup, ol Günorta Koreýa brendiniň Demirgazyk Amerikadaky abraýyna uly täsir eden awtoulaglaryň biridir.


düýn 20:28
8.7k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

düýn 01:00
2.8k+

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

19.06.2026 19:42
1.3k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....