Nike çalt hereket etmäge kömek edýän motorly krossowka döretdi

  • 26.10.2025 09:32
  • 7.4k+

Nike kompaniýasy hereketlendirijili aýakgap ulgamynyň prototipini hödürledi. Project Amplify atly taslama adamlara tiz hereket etmäge we az güýç bilen has uzak aralyklary geçmäge kömek etmegi maksat edinýär.

Ulgam injik bilen topugyň tebigy hereketini goldamak üçin niýetlenýär. Oňa elektrik hereketlendirijisi, herekete getiriji gaýyş, manžet görnüşinde akkumulýator batareýasy we enjamly hem enjamsyz geýip boljak krossowka girýär.
Taslama professional türgenlere däl-de, öz gezimlerini we ylgawlaryny has rahat etmek isleýän adaty ulanyjylara gönükdirilýär. Işläp düzüjileriň hasaplamalaryna görä, Project Amplify ýoly 1,5-3 km artdyryp biler.
Nike-yň “Geljegi döretmek, täze sport görnüşleri we innowasiýa” ugry boýunça wise-prezidenti Maýkl Donagunyň aýtmagyna görä, taslamanyň mazmuny “siziň ädimiňize bildirmezden biraz güýç goşmakda” jemlenýär.

“Lezzet siziň pikir edişiňizden has köp zady edip biljekdigiňize düşünmekden gelýär – bu “köp” siziň üçin nämäni aňladýan bolsa-da” – diýip, ol belleýär.

Häzir Project Amplify synag tapgyrynda. Şeýle aýakgabyň bazara birnäçe ýyldan çykmagyna garaşylýar.


09.01.2026 11:20
4.5k+

Nike 2025-nji ýylyň iň meşhur 10 krossowka modelini mälim etdi

Nike brendi 2025-nji ýylyň iň köp isleg bildirilýän krossowkalarynyň täze reýtingini düzdi. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, sanawyň birinji ornuny ilkinji gezek 2013-nji ýylda satuwa çykarylan Air Jordan 11 Gamma modeli eýeledi...

22.08.2025 19:07
15k+

Nike Braziliýadan sekiz ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Nike Braziliýadan “Flamengo” klubunyň çagalar toparynda çykyş edýän sekiz ýaşly futbolçy Natansinýo bilen şertnama baglaşdy. Bu barada O Globo neşiri habar berýär. Geçen möwsümde Natansinýo 8 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Rio-de-Žaneýronyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy...

17.08.2025 23:29
4.6k+

Nike-yň esaslandyryjysy Fil Naýt rak bilen göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi

Amerikaly işewür, Nike brendiniň egindeş esaslandyryjysy Fil Naýt aýaly Penni bilen bilelikde rak keseline garşy göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi. Bu barada The Wall Street Journal habar berdi. Serişdeler Oregonyň Saglygy goraýyş we ylym uniwersitetine gönükdirildi...

11.03.2025 15:49
4.4k+

“Liwerpul” indi Nike-dan däl-de, adidas-dan geýner

“Liwerpul” öz resmi saýtynda adidas sport brendi bilen uzak möhletleýin şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi. Mersisaýdlylar ozal hem bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edipdi diýip, klubuň metbugat gullugy habar...