Amerikaly işewür, Nike brendiniň egindeş esaslandyryjysy Fil Naýt aýaly Penni bilen bilelikde rak keseline garşy göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi. Bu barada The Wall Street Journal habar berdi.
Serişdeler Oregonyň Saglygy goraýyş we ylym uniwersitetine gönükdirildi. Neşiriň maglumatlaryna görä, bu ABŞ-nyň taryhynda okuw edarasyna bir gezekde berilýän iň uly haýyr-yhsan boldy.
Naýtyň rak instituty uniwersitetiň aýratyn bölümçesine öwrüler we öz dolandyryjy geňeşine eýe bolar. Bu institutyň ýolbaşçysy leýkemiýany bejermekde ulanylýan Imatinib derman serişdesini döreden doktor Braýan Druker bellendi. Ozal ol ösüş meselesi boýunça düşünişmezlik sebäpli bu wezipeden gidipdi, indi bolsa garaşsyz işi alyp baryp, öňdebaryjy hünärmenleri hyzmatdaşlyga çagyryp biler.
Maliýeleşdirme ylmy gözlegleri giňeltmäge, işgärleriň zähmet haklaryny ýokarlandyrmaga we geljek bäş ýylyň dowamynda merkeziň mümkinçiliklerini iki esse artdyrmaga ýardam eder. Şeýle-de, hassalar üçin täze goldaw ulgamy giriziler: her birine doly bejergi almaga kömek etjek şahsy nawigator bellener.