2025-nji ýylyň dördünji “El-Klasikosy”: bu gezek üstünlik kimiň tarapynda bolar

  • 25.10.2025 17:29
  • 10k+

Ýekşenbe güni agşam La Ligada güýzüň esasy oýny – Madridiň “Realy” bilen “Barselonanyň” arasynda nobatdaky “El-Klasiko” bolar. Toparlar diňe bir üç utuk gazanmak däl, eýsem biri-birinden ýene bir basgançak ýokary bolmak ugrunda bäsleşer.

Görkezijilere seretsek:
Soňky 5 resmi oýunda tereziniň agyr tarapy “Barselonada” – umumy gol tapawudy 18:10. Kataloniýalylar soňky 4 oýunda ýeňiş gazandy.

  • ·21.04.2024 – “Real” 3:2 “Barselona” (La Liga)
  • ·26.10.2024 – “Real” 0:4 “Barselona” (La Liga)
  • ·12.01.2025 – “Real” 2:5 “Barselona” (Ispaniýanyň Superkubogynyň finaly)
  • ·26.04.2025 – “Barselona” 3:2 (goşmaça wagtda) “Real” (Ispaniýanyň Kubogynyň finaly)
  • ·11.05.2025 – “Barselona” 4:3 “Real” (La Liga)

Toparlar jemi 261 resmi oýunda duşuşdy (La Ligada, Ispaniýanyň Kubogynda, Çempionlar ligasynda, Superkubokda we beýleki ýaryşlarda). Häzirki wagtda sähel artykmaçlyk “Realyň” tarapynda bolup, onuň 105 ýeňşi “Barselonanyň” 104 ýeňşine garşy durýar, deňme-deňlik – 52. Gol boýunça-da tapawut o diýen uly däl – madridliler 440 gol, “Barsa” 435 gol geçirdi.

Toparlaryň düzüm ýagdaýy:
“Realyň” habarlary gowy: Oýna Trent Aleksander-Arnold, Dani Karwahal, Din Hýoýsen we Dani Sebalýos gaýdyp geldi – hemmesi doly türgenleşige gatnaşdy.
Antonio Rýudiger we Dawid Alaba dikelmegini dowam edýär, Ferlan Mendi bolsa indi aýaga galdy. Toparyň galan ähli oýunçylary hatarda. Habi Alonso üçin bu baş tälimçi wezipesinde ilkinji “klasiko” bolar.
“Barselonanyň” ýagdaýy welin, öwerlikli däl. Onuň ýitgisi toparyň tälimçisi Hand-Diter Flikden başlaýar. Ol geçenki oýunda gyzyl duýduryş alandygy üçin, bu gezek oýna münberden tomaşa etmeli boldy.
Şikes sebäpli toparyň köp oýunçylary – winger Rafinýa, hüjümçi Robert Lewandowski, ýarymgoragçylar Dani Olmo we Gawi hem oýnamaz. Şeýle-de, derwezebanlar Žoan Garsiýa bilen Mark-Andre ter Ştegen hem oýna gatnaşmaz. Klubda bir gowy habar Ferran Torresiň doly dikelmegi boldy.
Häzirki wagtda ýaryş jedwelinde 24 utuk bilen “Real” birinji orny eýeleýär. “Barselona” 22 utuk bilen ikinji ýerde.
Futbol janköýerleri oýna 26-njy oktýabrda Aşgabat wagty bilen 20:15-de tomaşa edip biler.


şu gün 09:55
3.1k+

«Aston Willa» Unai Emeri bilen ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

21-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň final duşuşygy boldy we «Aston Willa» topary «Fraýburgy» utmagy başardy. Oýun Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Tüpraş» stadionynda geçirildi....

düýn 23:01
6.2k+

Dünýä çempionatynda boljak yssydan howatyr edýän futbolçylar FIFA açyk hat ýazdylar

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbolçylary Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) açyk hat ýollap, ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda oýunçylary aşa yssy howadan goramak......

18.05.2026 21:08
6.5k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

18.05.2026 00:06
6.4k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......