Jeep Renegade önümçilikden aýryldy: onuň mirasdüşeri bolmaz

  • 25.10.2025 11:56
  • 2.5k+

Stellantis kompaniýasy Italiýanyň Melfi şäherindäki zawodda Jeep Renegade krossoweriniň önümçiligini doly togtatdy. Kärdeşler arkalaşygynyň UGL Basilicata wekilleriniň habaryna görä, gurnama liniýasyndan soňky model düşdi we ulagyň göni ornuny tutjak täze nusga göz öňünde tutulmaýar.

Jeep Renegade 2014-nji ýyldan bäri Small-Wide platformasynda öndürilip, Ýewropada ýygnalan ilkinji Jeep modeli boldy. Ol ýygnanan döwründe benzinli, dizelli we gibrid görnüşlerde, şol sanda Plug-in Hybrid görnüşinde hem bazara çykaryldy. Modeliň satuwy ammardaky ätiýaçlyklar gutarýança dowam eder.
Indi Stellantis kompaniýasy ykjam krossower segmentinde ünsüni täze Jeep Avenger-e we täzelenen Jeep Compass-a jemlär. Renegade-niň önümçiliginiň togtadylmagy Melfi zawodynyň iş kuwwatyna täsir edýär — kärhananyň geljegi boýunça gepleşikler dowam edýär.
Şeýle hem, kompaniýa alýumin üpjünçiligindäki bökdençlikler sebäpli ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Warren şäherindäki zawodynda Jeep Wagoneer we Grand Wagoneer modelleriniň önümçiligini wagtlaýynça togtatdy. Meseleler Nýu-Ýorkdaky Nowelis zawodynda ýüze çykan ýangyndan soň peýda bolup, ol bu modeller üçin kuzow panellerine niýetlenen alýumin listleriniň esasy üpjünçisidi.
Automotive News çeşmesine görä, Wagoneer-iň önümçiligi iň ir noýabr aýynyň başlarynda dikeldilip bilner. Alýumin ätiýaçlyklary häzirki wagtda has ýokary islegli Ram 1500 pikaplaryna gönükdirilýär.
Üpjünçilik kynçylyklary Ford kompaniýasyna-da täsir etdi: F-150-yň çykarylyşy azaldy, Expedition we Navigator modelleriniň önümçiligi hem wagtlaýynça togtadyldy. Bazaryň doly dikeldilmegi birnäçe aý dowam eder we bu ýagdaý käbir awtoulaglaryň elýeterliligine we bahasyna täsir edip biler.

düýn 12:20
2.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.4k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.6k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......