Chevrolet transmissiýa näsazlygy sebäpli pikaplarynyň we furgonlarynyň bir toparyny yzyna gaýtarýar

  • 25.10.2025 11:50
  • 2.3k+

General Motors kompaniýasy 2025–2026-njy ýyllaryň käbir Chevrolet modelleri boýunça hyzmat kampaniýasyny başlatdy. N252517790 programmasy Silverado 1500 we Colorado pikaplaryny, şeýle hem Express söwda furgonyny öz içine alýar.

Yza gaýtaryşa sebäp bolan mesele — awtomatiki transmissiýada planetar dişli çarhlary saklamak üçin jogapkär bolan “transmission reaction carrier” atly bölegiň çat açmak howpunyň ýüze çykmagy. Bu kemçilik geçirişleriň dogry işlemezligine, ýagny tizligi çalyşmakda bökdençlikleriň döremegine sebäp bolup biler.
Kampaniýa 8 basgançakly 8L80 we 8L90 görnüşli transmissiýalar bilen enjamlaşdyrylan ähli awtoulaglary öz içine alýar. Ulaglar resmi diler merkezlerinde doly barlanar. Eger näsaz detal anyklansa, ol ulagyň geçen ýoluna ýa-da ulanýan döwrüne garamazdan mugt çalşylar.

şu gün 12:20
1.2k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

düýn 19:45
1.2k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

düýn 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.5k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......