Toyota iň kiçi Land Cruiser ulagyny hödürledi

  • 24.10.2025 09:47
  • 7.2k+

Toyota kompaniýasy Ýaponiýada Land Cruiser hatarynda täze modeli – FJ indeksli ykjam SUV ulagyny hödürledi. Onuň üçin at üç ýyl ozal önümçilikden aýrylan ulagdan alyndy.

Awtoulag hataryň uly wekilleriniň dogumly keşbini saklady, ýöne göwrüm taýdan has kiçi boldy: uzynlygy – 4575 mm, ini – 1855 mm, beýikligi – 1960 mm, teker bazasy bolsa – 2580 mm bolup, bu Prado-dan 270 mm gysgadyr. Muňa garamazdan, öndürijiniň aýtmagyna görä, salonda bäş uly ýolagçy arkaýyn ýerleşip bilýär. Öwrüm radiusy 5,5 metr.
Model Hilux we Fortuner ýaly IMV platformasynda guruldy. Täze ulag üçin ol gaýtadan işlenip, kuzow berkidildi we klirens artdyryldy. Şeýle-de, inženerler podweskany kämilleşdirdi.
Ulagda 2,7 litrlik 2TR-FE benzin hereketlendirijisi (163 a.g.) oturdyldy. Ol alty basgançakly “awtomat” we part-time doly herekete getirijisi bilen bilelikde işleýär.
Land Cruiser FJ daşky keşbi boýunça Prado-nyň we Compact Cruiser EV konseptiniň dizaýn elementlerini utgaşdyrýar. Awtomobil uly bampere (onuň bir bölegini bejeriş üçin aýryp bolýar), tegelek ýa-da C şekilli optika, bagaž ýeriniň gapysynda ätiýaçlyk tekerine eýe boldy.
Interýer markanyň beýleki SUV ulaglarynyň stilinde ýerine ýetirildi: uly merkezi ekran, klassyk rul, transmissiýa selektory we köp sanly fiziki düwmeler.
Modeliň önümçiligi Tailandda ýola goýlar. Onuň satuwy indiki ýylyň ortalarynda başlar. Toyota awtomobili Demirgazyk Amerika we Ýewropa ibermegi meýilleşdirmeýär – esasy bazarlar Günorta-Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar, Afrika we Latyn Amerikasy bolar. 


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......