Ýawa kerklerini halas etmek üçin olaryň genetiki materialy biobanklarda saklanar

  • 23.10.2025 13:04
  • 3.7k+

Indoneziýa seýrek Ýawa kerkleriniň ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin olaryň genetiki materialyny saklap galmak isleýär. Bu barada Indoneziýanyň tokaý hojalygy ministri Raja Juli Antoni habar berdi.

“Biz kömekçi reproduktiw tehnologiýalary ulanmak bilen, geljekki ekstrakorporal tohumlandyrma üçin döli we ýumurtga öýjüklerini saklap galarys” – diýip, Antara habarlar agentligi ministriň sözlerini getirýär.

Häzirki wagtda dünýäde 80 töweregi Ýawa kerki bolup, olaryň ählisi Ýawa adasyndaky Ujung-Kulon milli seýilgähinde ýaşaýar. Populýasiýany gorap saklamak boýunça maksatnamanyň çäklerinde haýwanlaryň bir bölegi seýilgähiň has howpsuz ýerlerine geçiriler, olar bu ýerde köpelip, görnüşiň genetiki köpdürlüligini saklap biler.
Taslamany durmuşa geçirmek üçin haýwanlaryň we goraghananyň infrastrukturasynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge kömek edýän Indoneziýanyň Ýaragly güýçleriniň wekilleri gatnaşýar.


23.10.2025 17:38
5.1k+

Türkmen talyplarynyň täze derman serişdelerini döretmek boýunça geçiren barlagy Indoneziýada bäsleşikde altyn medal aldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Indoneziýanyň Surabaýa şäherinde ýakynda geçirilen «World Youth Invention and Innovation Award 2025» (WYIIA) halkara ylmy bäsleşiginde altyn medala mynasyp boldular...

01.06.2025 13:53
4.4k+

Indoneziýanyň kenaryndaky Ýuwaş ummanynyň düýbünde gadymy dünýäniň yzlary tapyldy

Indoneziýanyň kenarlarynda, Ýawa bilen Madura adalarynyň arasyndaky bogazyň düýbünde suwa giden gadymy jülgäniň yzlary tapyldy. Häzir bu ýerde ummanyň ýalpak ýeri bar diýip, Daily Mail habar berýär. Geologlar Sumatra, Ýawa we Borneo adalarynyň arasyndaky umman düýbüniň birwagtlar gury ýer bolandygyny bireýýäm kesgitläpdi...

25.02.2025 18:20
5.9k+

Türkmenistanyň topary Indoneziýada ylmy ýarmarkada baýraga mynasyp boldy

2024-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş alymlary Indoneziýada geçirilen V Halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasynda (YISF) baýrakly orna mynasyp boldular...

13.11.2024 23:15
7k+

Türkmen alymlary Indoneziýada halkara ylym ýarmarkasynda oýlap tapyşlaryny hödürlediler

Türkmenistanyň wekilleri Indoneziýanyň Bali şäherinde geçirilen halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasyna (ISIF) gatnaşdylar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Türkmen toparyna Türkmenistanyň...