Ýabany gözelligiň ýyl ýazgysy: “2025-nji ýylyň ýabany tebigat suratçysy” bäsleşiginiň netijeleri

  • 22.10.2025 21:56
  • 6.8k+

Günorta afrikaly suratçy Wim wan den Hiwer “Salgym şäheriň myhmany” atly suraty üçin “2025-nji ýylyň ýabany tebigat suratçysy” baýragyna mynasyp boldy. Suratda Namibiýadaky göwher gazylan, soň bolsa taşlanan Kolmanskop şäheriniň galyndylarynyň arasynda aýlanyp ýören goňur syrtlan görkezilýär.

Bu iş tebigatyň we adamzadyň taşlap giden şäher giňişlikleriniň täsirli çatrygyny surat arkaly görkezýär.
Bäsleşigiň dürli nominasiýalarynda ýeňijiler şeýle boldy:

Salgym şäheriň myhmany / © Wim wan den Hiwer (Wim van den Heever)

“Portfolio” nominasiýasy: Russiýanyň demirgazyk batgalyklary / © Alekseý Haritonow (Alexey Kharitonov)

“Ummanlar” nominasiýasy: Norwegiýanyň demirgazygyndaky polýar gijesinde balykçy gämisiniň ýanyndaky iým iýişlik / © Odun Rikardsen (Audun Rikardsen)

“Häsiýet: süýdemdirijiler” nominasiýasy: Tanzaniýanyň Serengeti milli seýilgähinde karakal flamingo awlaýar / © Dennis Stogsdill

“Fotožurnalistika” nominasiýasy: Äpet garynjaçy Braziliýada saglygyny dikeldýär / © Fernando Fasiole (Fernando Faciole)

“Dogup barýan ýyldyz” baýragy: Baýguş elf / © Luka Lorens (Luca Lorenz)

“Haýwanlar öz ýaşaýan gurşawynda” nominasiýasy: Murenleriň aw awlaýşy / © Şeýn Gross (Shane Gross)

“Häsiýet: guşlar” nominasiýasy: Hytaýyň Ýundang kölündäki aw pursaty / © Sinžun Ýan (Qingrong Yang)


12.06.2026 15:47
11k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:24
5.8k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

28.05.2026 17:17
5.3k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....

20.05.2026 21:41
3.9k+

Niagaranyň buzdan bina bolan gudraty: Niagara Frozen Falls 2026 surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

2026-njy ýylda Niagara seýilgähleri ​​dünýäniň iň meşhur şaglawuklarynyň biriniň gyşky gözelliginden pursatlary suratlarda beýan etmegi maksat edinýän giň möçberli surat bäsleşigi bolan Niagara Frozen Falls......