Halkara tennis federasiýasy adyny World Tennis diýip üýtgeder

  • 22.10.2025 20:05
  • 957

2026-njy ýyldan başlap Halkara tennis federasiýasy (International Tennis Federation, ITF) täze — World Tennis — atlandyrylar diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berýär.

Adyny üýtgetmek baradaky karary ITF-iň düzümine girýän milli tennis birleşikleriniň köpüsi goldady. “World Tennis” ady gyzyklanýan taraplar bilen birnäçe wagt dowam eden gözlegleriň we maslahatlaşmalaryň netijesinde saýlanyldy. Guramanyň bellemegine görä, täze brend “tennise ýolbaşçylyk edýän halkara guramanyň we bu sporty gorap çykyş edýän birleşigiň wezipesini has doly açyp görkezýär”.
Halkara tennis federasiýasy 1913-nji ýylda Parižde Halkara laun-tennis federasiýasy ady bilen döredilipdi, 1977-nji ýylda bolsa häzirki adyny aldy. Häzirki wagtda federasiýanyň düzümine 213 milli birleşik girýär.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......