Prisypkadaky asbest sebäpli 3 müň britaniýaly “Johnson & Johnson” kompaniýasynyň üstünden kazyýete arza berdi

  • 22.10.2025 15:02
  • 10k+

Beýik Britaniýada üç müň töweregi ýaşaýjy Amerikanyň “Johnson & Johnson” kompaniýasynyň üstünden kazyýete arza berdi. Şikaýatçylar kompaniýanyň düzüminde rak keselini döredýän asbest maddasynyň bolmagynyň mümkindigini bilibem, talk prisypkasyny birnäçe ýyllap satandygyny öňe sürýärler diýip, BBC habar berýär.

Arzaçylaryň bähbitlerini araýan KP Law hukuk kompaniýasynyň wekilleri “Johnson & Johnson-nyň" asbestiň bardygyny 1960-njy ýyllardan bäri bilýändigini, ýöne müşderileri bu barada duýdurmandygyny aýdýarlar. Kompaniýanyň önümleri 2022-nji ýyla çenli Beýik Britaniýada satuwda bolupdyr.
Şikaýatçylaryň sözlerine görä, prisypkany ulanandan soň olaryň käbir garyndaşlaryna ýumurtgalyklaryň raky, mezotelioma we peritoneal rak ýaly keseller kesgitlenipdir. Käbir ýagdaýlar hassalaryň ölümi bilen gutarypdyr.
Bu Beýik Britaniýada şu mazmunda gozgalan ilkinji işdir. “Johnson & Johnson” ozal hem ABŞ-da müňlerçe meňzeş kazyýet işleri bilen ýüzbe-ýüz bolup, 2020-nji ýylda ol ýerde prisypkany satmagy togtadypdy.
2024-nji ýylyň maý aýynda kompaniýa takmynan 60 müň müşderiniň arzalaryny çözmek we 6,475 milliard dollar öweztöleg tölemek teklibini hödürläpdi. Şol bir wagtda “Johnson & Johnson” önümlerinde kanserogen maddalaryň bardygyny inkär etmegini dowam etdirýär.
Oktýabr aýynda Los-Anjelesiň kazyýeti mezotelioma sebäpli aradan çykan aýalyň maşgalasyna kompaniýanyň 966 million dollar tölemelidigi baradaky karary çykardy. Kazyýet keseliň düzüminde asbest bolan talkyň ulanmagy bilen baglanyşykly bolandygyny tassyklady.


16.06.2026 23:19
2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......