Juzeppe Marsoççi Giorgio Armani modalar öýüniň täze başlygy boldy

  • 22.10.2025 14:26
  • 1.8k+

Juzeppe Marsoççi Giorgio Armani toparynyň baş müdiri wezipesine bellendi. Onuň bellenilmegi 16-njy oktýabrda geçirilen mejlisde direktorlar geňeşi tarapyndan tassyklandy.

Marsoççi Pantaleo Dell’Orko ýolbaşçylyk edýän direktorlar geňeşine hasabat berer. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Jorjio Armani aradan çykmazyndan bir ýarym aý öň, bu barada köpçülige habar bermezden, ony wise-prezident wezipesine belläpdi. Direktorlar geňeşiň başlygynyň orunbasary wezipesine bolsa Silwana Armani – esaslandyryjynyň aýal doganynyň gyzy bellener.
Marsoççi Giorgio Armani toparynda 20 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär we moda hem-de kaşaňlyk pudagynda 35 ýyldan köp tejribe toplapdyr. 2019-njy ýyldan bäri ol baş direktoryň orunbasary we global täjirçilik direktory bolup işlän hem-de gös-göni Jorjio Armaniniň ýolbaşçylygynda iş alyp baran. Şeýle hem ol Giorgio Armani Retail Srl kompaniýasyna we modalar öýüniň birnäçe daşary ýurt bölümlerine ýolbaşçylyk edipdir.
61 ýaşly Marsoççi Turinden bolup, Turin uniwersitetiniň Ykdysadyýet we söwda fakultetini tamamlan. Armanä goşulmazdan öň, ol Turinde ýerleşýän GFT toparynda we Fila Sport kompaniýasynda halkara işewürligi ösdürmek ugrunda işleýärdi.
Jorjio Armani 4-nji sentýabrda aradan çykdy. Ol wesýetinde modalar öýüniň 15% paýynyň aradan çykandan soň bir ýarym ýylyň dowamynda satylmagyny, soň bolsa alyja goşmaça 30–55% paýyň berilmegini görkezdi. Eger-de paýy satyp bolmasa, kompaniýanyň paýnamalary biržada ýerleşdiriler.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....