Kiçijik obanyň futbol kluby Şwesiýanyň çempiony boldy

  • 22.10.2025 13:53
  • 7.8k+

“Mýellbýu” futbol kluby taryhda ilkinji gezek Şwesiýanyň çempiony boldy. Topar 27-nji tapgyryň “Gýoteborg” bilen oýnunda 2:0 hasabynda utup, 66 utuk gazandy we ýakyn bäsdeşi bolan Stokgolmyň “Hammarbýu” klubundan 11 utuk öňe geçdi. Indi “Hammarbýu” galan ähli oýunlarda utsa-da, lideriň yzyndan ýetip bilmeýär.

“Mýellbýu” kluby 1939-njy ýylda döredildi. Geçen möwsümde topar bäşinji orny eýeledi we bu şol wagt klubuň taryhynda iň gowy netije bolupdy. 2023-nji ýylda “Mýellbýu” Şwesiýanyň Kubogynyň finalyna çykdy, ýöne “Hekkenden” 1:4 hasabynda utuldy.
“Mýellbýu” Hallewikde ýerleşýär, bu ýerde 2023-nji ýyla çenli ýagdaýa görä, 1,5 müň töweregi adam ýaşaýar. Klubuň elita diwizionynyň arasynda iň pes býujeti bar, öý stadiony bolsa bary-ýogy 6,7 müň tomaşaça niýetlenýär.
Baş tälimçi 59 ýaşly Anders Torstensson bolup, ol topara 2023-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär. Mundan öň ol mekdep müdiri bolup işledi.
Häzirki möwsümde “Mýellbýu” 27 oýunda diňe bir gezek utulyp, 20 ýeňiş gazandy we alty gezek deňme-deň oýnady. Topar yzygider 19 oýun bäri utulman gelýär, ýeke-täk ýeňliş 11-nji maýda “AIK” kluby bilen oýunda boldy.


düýn 14:33
9.9k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......