Yamaha özi hereket edýän we adamyň hereketlerine düşünýän motosikli döretdi

  • 20.10.2025 17:23
  • 3.5k+

Yamaha kompaniýasy Motodroid 2 konseptini hödürledi. Bu deňagramlylygy saklap, adamyň kömegi bolmazdan hereket edip, sürüjisiz ýöräp bilýän motosikldir.

Model özbaşdak aýaga durup, ony ýygnap bilýär, şeýle-de adama motosikliň üstünde dik, ýarym ýatan ýaly dürli ýagdaýda oturmaga mümkinçilik berýär.
Motosikl eýesiniň hereketlerini we ýüz keşbini hasaba alýan kameralar bilen enjamlaşdyryldy. Buýruklary eliň ýa-da adaty ruluň ýerini tutýan iki gapdal tutarlara eliňi degirmek bilen berip bolýar. Wizual jogap gatnaşygy üçin iş režimine we EA-nyň reaksiýasyna görä reňkini we ýagtylygyny üýtgedýän içinden ýagtylandyryş göz öňünde tutuldy.
Motodroid 2 öňe we yza, ýolagçyly we ýolagçysyz hereket edip bilýär. Häzirlikçe Yamaha-nyň konseptiň haýsy tehnologiýasyny önümçilik motosikllerine ornaşdyrmagy meýilleşdirýändigi belli däl. Ýöne Motodroid 2 eýýäm iki tigirli enjamlaryň geljegini görkezýär: ol özbaşdak, akylly we has janly görünýär.

düýn 12:20
2.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......