Marokkonyň ýygyndysy Argentinany utup, ilkinji gezek U20 futbol boýunça DÇ-niň ýeňijisi boldy

  • 20.10.2025 14:50
  • 7.8k+

Marokkonyň milli ýygyndysy Çilide geçirilen futbol boýunça ýaşlar dünýä çempionatynda taryhda ilkinji gezek ýeňiji boldy. 20-nji oktýabrda irden Santýagoda bolan final oýnunda marokkolylar Argentinanyň toparyny 2:0 hasabynda utdy.

Aýgytly oýunda gollaryň ikisini-de hüjümçi Ýassir Zabiri geçirdi. Ýaryşyň iň gowy oýunçysy Marokko toparynyň ýarymgoragçysy Otman Maamma boldy.
Mundan öň Marokkonyň milli ýygyndysynyň ýaşlar dünýä çempionatynda iň uly üstünligi 2005-nji ýylda dördünji orny eýelemegidi. Argentinalylar dünýä birinjiligini alty gezek utup, ýaryşyň iň köp titula eýe bolan topary boldy.
Ýaryşyň bürünç medalyny Kolumbiýanyň milli ýygyndysy aldy. Ol üçünji ýer üçin oýunda Fransiýany 1:0 hasabynda utdy.
Indiki ýaşlar dünýä çempionaty 2027-nji ýylda geçiriler we ilkinji gezek birbada iki ýurtda – Azerbaýjanda we Özbegistanda geçer.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......