Mercedes-Benz mahmal salonly we Gün panellerinden ýasalan kaşaň kupesini görkezdi

  • 20.10.2025 10:29
  • 6.1k+

Mercedes-Benz häzirki zaman tehnologiýalaryny nusgawy bezeg elementleri bilen sazlaşdyrýan täze konseptual kupesini — Vision Iconic modelini görkezdi. Bu ulag synag platformasy bolmak bilen bir hatarda brendiň taryhy awtoulaglaryna hormat hökmünde hem döredildi.

Vision Iconic elektrik güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylan, onuň kuzow panelleri bolsa Gün şöhlesinden energiýa öndürip bilýän fotoelektrik modullary bilen örtülendir. Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, laýyk şertlerde bu ulgam ýylda zarýadsyz 12 000 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär.
Daşky görnüşi boýunça konsept 1930-njy ýyllaryň awtoulaglaryny ýada salýar: uzyn kapot, togalak yzky bölek we üç şöhleli ýyldyz bilen yşyklandyrylan uly, dik radiator gözenegi bar. Mercedes-Benz-iň baş dizaýneri Gorden Wagener bu modeli “hereketdäki heýkel” diýip atlandyrdy.

Ulag dolandyrylýan yzky tekerli we “sim arkaly” rul ulgamly şasside gurlupdyr. Elektrikli kupede şäherde sürüjisiz hereket etmäge hem-de awtoulagy awtomatiki duralga goýmagyň mümkinçiliklerini berýän ikinji derejeli awtonom ulgamlar toplumy bar. Geljekde kompaniýa awtomagistrallarda doly özbaşdak sürmek üçin dördünji derejeli awtonom tehnologiýalary ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.
Salony ýokary derejede bezelen — deri, mahmal we agaç elementleri bilen utgaşdyrylyp, käbir ýerleri sadap reňkli bezeg bilen bezelipdir. Merkezi böleginde bolsa aýnadan we metaldan ýasalan, gurallar paneliniň hem-de displeýiň funksiýalaryny birleşdirýän Zeppelin dolandyryş paneli ýerleşýär (şeýle at 1930-njy ýyllarda käbir Maybach modellerinde-de ulanylypdy).
Vision Iconic-iň önümçilige çykarylmagy barada kompaniýa entek resmi maglumat bermedi.


düýn 12:20
2.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....