Ford ABŞ-da kemer bilen bagly näsazlyk sebäpli tas 625 müň ulagy yzyna gaýtarýar

  • 20.10.2025 10:09
  • 2k+

Ford amerikan awtoöndürijisi ABŞ-da tas 625 müň ulagyň yzyna gaýtarylýandygyny habar berdi. Munuň sebäbi howpsuzlyk kemeriniň we yzyny görkezýän kameranyň monitorynyň işindäki näsazlyk boldy diýip, ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasyna (NHTSA) salgylanyp, Reuters habar berýär.

Şeýlelikde, howpsuzlyk kemerinde ýüze çykarylan nogsanlyklar bilen 322 müňden gowrak Mustang awtomobili hem-de yzyny görkezýän kamerasynyň displeýinde näsazlyklar bolan tas 292 müň F-250, F-350 we F-450 pikaplary yzyna ýygnalar.
Ford dilerleri Mustang awtomobillerinde howpsuzlyk kemerlerini barlap, zerur bolan ýagdaýynda olary çalşar. F seriýanyň pikaplarynda yzyny görkezýän kameranyň işindäki näsazlygy düzetmek üçin şekilleri gaýtadan işlemek modulynyň programma üpjünçiligi mugt täzelener.
Ozal Ford ABŞ-da, 115,5 müň F-250, F-350 we F-450 pikaplaryny yzyna gaýtarypdy. Bu awtoulaglar 2020-2021-nji ýyllarda çykan bolup, rul dolandyryş ulgamynda kemçilik bardy. Mesele rul kolonkasynda ýokarky okuň ýerinden çykmagyna we awtomobil dolandyryşynda heläkçilige sebäp bolup bilerdi.


19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......