Spotify 2034-nji ýyla çenli “Barselonanyň” stadionynyň adynda galar

  • 19.10.2025 16:44
  • 2.8k+

“Barselona” futbol kluby öz resmi saýtynda dünýäde iň uly aýdym-saz platformalarynyň biri bolan Spotify bilen täze şertnama baglaşandygyny habar berdi. Taraplar hyzmatdaşlygy 2030-njy ýyla çenli uzaltdy, ýöne stadionyň ady üçin hukuk 2034-nji ýyla çenli Spotify-a degişli bolar.

“Barselona” we Spotify bütin dünýäde ýüzlerçe million muşdagy bolan meşhur brendler. Bu hyzmatdaşlyk olara strategiki bazarlarda ornuny giňeltmäge we tagallalary birleşdirip, täze auditoriýany çekmäge we global mümkinçiliklerini berkitmäge mümkinçilik berýär.
2022-nji ýylda “Barselona” FK bilen Spotify hyzmatdaşlyk edip başlany bäri janköýerler we sazandalar üçin köp ýatdan çykmajak pursatlar we wakalar döredildi. Olar sport hemaýatkärliginiň çäginden çykyp, futbol bilen aýdym-sazy baglanyşdyryp bolýandygyny bütin dünýä görkezdi” – diýlip, beýanda aýdylýar.
Žurnalist Reşad Rahmanyň maglumatlaryna görä, täze şertnamanyň çäklerinde “Barselona” Spotify logotipiniň oýun köýnekçelerinde ýerleşdirilendigi üçin ýylda 65 mln ýewro we türgenleşik eşigindäki nyşan üçin ýene 10 mln ýewro alar.
“Kamp Nou” stadionyna at bermegiň bahasy entek belli däl, çünki topar wagtlaýyn başga meýdançalarda oýnaýar. Klub täzelenen stadiona gaýdyp gelenden soň, munuň ýylda azyndan 20 mln ýewro getirip biljekdigi habar berilýär.
Häzirki möwsümde “Barselona” Ispaniýanyň çempionatynda ikinji orny eýeleýär, ol Madridiň “Realyndan” iki utuk yzda barýar.


düýn 20:28
5.8k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
8.6k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.1k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....