YouTube-da täze EA gürleýän adamyň dodagynyň hereketini dublýaž bilen gabat getirer

  • 18.10.2025 23:35
  • 1.6k+

YouTube gürleýän adamyň dodagynyň hereketini wideonyň awtomatik terjimesine gabat getirmäge mümkinçilik berjek emeli aň tehnologiýasyny synagdan geçirýär. Ol EA-nyň kömegi bilen sesi awtomatik başga dile geçirýän dublýaž funksiýasynyň üstüni ýetirer.

Awtomatik dublýaž boýunça önümiň ýolbaşçysy Budhika Kottahaççiniň aýtmagyna görä, topar “terjime edilen sözleýşe gabat geler ýaly ekranda pikselleri üýtgedýän” gurallary döretmeli boldy. Ulgam dodagyň formasyny, dişleriň ýagdaýyny, ýüz-gözüň hereketini, göwräniň durşuny we beýleki wizual parametleri seljerýär.
Häzirki wagtda tehnologiýa Full HD wideolarynda gowy netijeleri görkezýär. 4K üçin hil entek pesräk, ýöne topar tehnologiýany resmi işe girizmezden ozal kämilleşdirmegi meýilleşdirýär.
Häzirki wagtda funksiýa diňe iňlis, fransuz, nemes, ispan we portugal dillerini goldaýar. Geljekde awtomatik dublýažyň ähli dillerini, şol sanda rus, türk, ýapon, koreý, italýan, ukrain we beýleki dilleri hem öz içine alar. Onuň köpçülikleýin elýeterli boljak senesi we ulanylyş bahasy entek belli däl.
Funksiýa irki synag tapgyrynda bolup, oňa diňe platformanyň saýlanan ulanyjylary elýeterlidir.


03.06.2026 15:15
3.3k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......