Argentinada dinozawrlaryň näbelli, gadymy görnüşleriniň biriniň galyndylary tapyldy

  • 18.10.2025 23:08
  • 2.8k+

Argentinaly paleontologlar dinozawrlaryň ozal näbelli görnüşiniň galyndylarynyň tapylandygyny habar berdi. Bu barada Ylmy we tehniki gözlegler boýunça milli geňeşe (CONICET) salgylanyp, TASS habar berýär.

Täze görnüş Huayracursor jaguensis adyny aldy. Ylmy gözlegçi Agustin Martinelliniň aýtmagyna görä, ýyrtyjy Ýeriň ýüzünde 225-230 mln ýyl ozal ýaşapdyr, bu hem ony ylma belli bolanlaryň arasynda iň gadymy görnüşleriň birine öwürýär.
Dinozawryň bitewi diýen ýaly skeleti Argentinanyň La-Rioha welaýatynda, takmynan, üç müň metr beýiklikde tapyldy. Huayracursor şol döwrüň beýleki dinozawrlaryndan uzyn boýny we has uly göwrümi bilen tapawutlanypdyr.

“Biz onuň uzynlygyny iki metr töweregi, uly wekiliň agramyny bolsa 18 kg diýip hasaplaýarys, bu onuň Argentinada tapylan ýakyn kowumlaryndan iki esse köpdür” – diýip, ylmy gözlegiň awtorlarynyň biri Malena Huares aýtdy.

Alymlar galyndylaryň doly öwrenilmedik geologiki basseýnde tapylandygyny belledi. “Bu has uly açyşlara ýol açýar. Faunanyň abatlygy we köpdürlüligi nukdaýnazaryndan düýbünden täze diýip atlandyryp boljak ýeri tapmak seýrek başardýar” – diýip, Martinelli belledi.


28.05.2026 17:01
6.1k+

Argentinada 750 metrlik sendwiç bilen rekord goýmak synanyşygy tertipsizlige öwrüldi

Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatynyň Awelýaneda şäherinde Maý rewolýusiýasynyň gününe bagyşlanyp guralan sendwiç taýýarlamak çäresi garaşylmadyk bulama-bujarlyk bilen tamamlandy. Bu barada ýerli KHBS-e......

28.05.2026 10:58
3.5k+

Argentinada dünýä çempionatynyň ýelmentgilerine bolan gyzyklanma garaşylmadyk derejede artdy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda Argentinada kolleksiýa edilip ýygnalýan futbol ýelmentgilerine bolan isleg ýene-de ýokary galdy. Buenos-Aýresde müňlerçe janköýer Panini kompaniýasynyň täze......

27.05.2026 15:32
2.6k+

Argentinaly suratkeş reňkini üýtgedýän eserleri bilen meşhurlyk gazandy

Argentinaly suratkeş Gwido Llordi serediş burçuna we ýagtylyga görä reňkini üýtgedýän suratlary bilen uly meşhurlyk gazandy....

20.04.2026 16:24
6.3k+

Argentinada magellan pingwinleri eko-detektiwlere öwrüldi

Alymlar Patagoniýadaky magellan pingwinleriniň aýaklaryna ýumşak silikon bilezikleri dakdylar, bu bolsa ummanyň senagat taýdan "hemişelik himiki maddalar" bilen hapalanmagy barada maglumat toplamaga......